Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2023-nji 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi.
Bu topar halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, öz syýasatyny bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guraýan döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwerlik meselelerini çözmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda oňa 25 döwlet goşuldy. Şol bir wagtyň özünde, toparyň agzalygyna 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda “Halkara Bitaraplyk güni” hem-de 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny” atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalaryň awtordaşlary bolup çykyş eden döwletler girdiler.
Geçen ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde geçen Bitaraplygyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki birinji mejlisinde halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň guralyna öwrülen bu köptaraplaýyn dialogynyň institusional esaslary hem-de işiniň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça kabul edilen jemleýji resminama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň “Parahatçylygy gurmak we üpjün etmek” gün-tertibiniň 58-nji bölüminiň resminamasy hökmünde kabul edilip, guramanyň resmi dillerinde çap edildi.
Şu gezekki mejlisde Bitaraplygyň dostlary toparynyň agzalarynyň sanyny artdyrmak, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, dünýä ösüşiniň meýillerini göz öňünde tutmak bilen, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Aşgabatda Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmegiň mümkinçilikleri, Bitaraplygyň dostlary toparynyň orny we goşandy bilen baglanyşykly pikir alyşmalar boldy.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi A. Ataýewa Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşyklarynyň yzygiderli gurnalmagynyň bu formatyň zerurlygyny, halkara gatnaşyklarynyň çylşyrymly häsiýete eýe bolýan döwründe onuň ähmiýetiniň artýandygyny belledi.
Şunuň bilen birlikde, türkmen tarapy bu toparyň netijeli çözgütleri gazanmak babatynda işjeň we ösýän düzüm hökmünde orna eýedigini belledi. Şu ýyl BMG-de yglan edilen “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýylynda” Bitaraplagyň dostlary toparynyň ählumumy işjeňligine ýardam edýän hem-de parahatçylygy we ynamy berkitmek boýunça “Ýol kartany” durmuşa geçirmekde işleri alyp barýan gurala öwrülendigi hem bellärliklidir. Bu babatynda amala aşyrylan halkara işjeňligine hem-de geçirilen halkara çärelere aýratyn üns çekildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowanyň çykyşynda bitaraplyk syýasatyna eýerýän we onuň esaslaryny kesgitleýän gymmatlyklara daýanyp biziň ýurdumyz ähli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýanlygyny belledi. Häzirki wagtda döwletimiz BMG-niň çäklerinde ynamdar hyzmatdaş hökmünde özüni tanatmagy başardy we sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde ähmiýetli işleri amala aşyrdy. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň çäklerinde köpsanly ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegi hem görkezýär.
Şeýle-de, M.Bäşimowa mejlisiň gün-tertibinde duran meselelere ünsi çekdi hem-de olaryň oňyn seredilmegi we goldanylmagy babatynda çagyryşlary beýan etdi.
Mejlise gatnaşyjylar parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde Bitaraplygyň dostlary toparynyň nobatdaky mejlisiniň wajyplygyny hem-de ähmiýetliligini nygtadylar.