«Nippon» gaznasy bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan duşuşyk

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Ýaponiýa iş sapary bilen baran wekiliýetiň agzalary bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow bilen Ýaponiýanyň «Nippon» gaznasynyň başlygy Ýosei Sasakawanyň, şeýle hem onuň işgärleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew ýapon tarapyny öz instituty bilen tanyşdyryp, türkmen-ýapon gatnaşyklary barada gürrüň etdi we birnäçe mysallary getirmek bilen biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça barha ösýänligini delillendirdi. Çykyşynyň soňunda rektor ýapon tarapyna bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öz teklipleri bilen ýüzlendi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow hem öz gezeginde «Read Japan» taslamanyň çäklerinde ýapon tarapy bilen Aşgabat şäherinde geçirilen duşuşygynda olara peşgeş edilen kitaplary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ýapon tarapy geljekde Türkmenistanyň beýleki ýokary okuw jaýlaryna hem kitap sowgat etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda «Nippon» gaznasynyň başlygy öz awtorlygyndaky kitaby myhmanlara sowgat berdi. Türkmen wekiliýeti hem olara türkmen halysyny, hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň kitaplaryny sowgat berdiler. Ýadygärlik hökmünde Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory institutyň talyplary tarapyndan ýapon hem-de iňlis dillerinde taýýarlanylan wideorolikleri gowşurdy.

«Nippon» gaznasynyň başlygy bilen duşuşykdan soňra meýilnama boýunça Odaýba adasynda ýerleşýän «Miraikan» atly Täze ylmyň we innowasiýanyň milli muzeýine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygynda we Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň guramagynda talyplara gezelenç guraldy. Muzeýiň adaty muzeýlere garanyňda, örän uly tapawudy bar. Muzeýiň eksponatlarynyň tas hemmesi diýlen ýaly sanlylaşdyrylan. Eksponatlar, esasan, adamlara aň ýetirmesi kyn bolan zatlary wizualizasiya bilen düşündiriji häsiýetli; adam saglygyna degişli maslahatlary beriji; çagalara we ululara öwrediji; gelejegi we taryhy geçmişi wizualizirleýän; adamlar üçin potensial dost bolup biljek robotlardan ybaratdyr. Muzeýiň eksponatlary öz hereketleri, aňy, aňsatlygy, düşnükliligi bilen gatnaşyjylary täsirlendirdi. Ýeri gelende bellesek, «halkara kosmos stansiýasy» pawilionynda Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkonyň suratynyň bolmagy diýseň guwandyryjydyr.