Aşgabatda türkmen-owgan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşylýar
2024-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisiniň we iki ýurduň işewürler forumynyň açylyşy geçirildi.
Çärelere gatnaşmak üçin Owganystanyň Senagat we söwda ministriniň w.ý.ý. Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygynda 300-den gowrak döwlet edaralarynyň wekilleri, Söwda-senagat edarasynyň we banklaryň, şeýle hem 170-e golaý kompaniýalaryň we kärhanalaryň wekilleri Aşgabada geldiler.
6-njy marta çenli dowam etjek giňişleýin sergide ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan 70-e golaý owgan hususy kärhanalarynyň önümleri hödürlenýär.76 pawilionda gurluşyk we senagat önümleri, öý hojalygynyň himiki önümleri we derman serişdeleri, halylar, şaý-sepler we senetçilik önümleri, gymmat bahaly daşlar, azyk we içgi önümler görkezilýär.
Foruma türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, Söwda-senagat edarasynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary - kompaniýalaryň, aýry-aýry kärhanalaryň we beýleki hususy gurluşlaryň 200-den gowrak wekilleri gatnaşdylar.
6 bölümçede geçirilen işewürlik forumynyň gün tertibinde nebit-gaz pudagynda, ulag we aragatnaşyk, elektrik energiýasy ulgamlarynda, senagat pudagynda, söwda we oba hojalygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikelri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyşlaryň dowamynda taraplar ýokarda agzalan ugurlarda işjeň gatnaşyklary alyp barmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Şunuň bilen birlikde, möhüm bilelikdäki taslamalar hökmünde, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji liniýasynyň, Türkmenistandan Owganystana tarap demir ýollaryň gurluşygy, ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi, şeýle hem Owganystanda beýleki wajyp infrastruktura we senagat desgalarynyň gurluşygy bellenildi.
Owganystanyň Senagat we söwda ministriniň w.ý.ý. Nuruddin Aziziniň çykyşynda owgan tarapynyň esasy maksadynyň iş orunlaryny döretmek, ykdysady ösüş we maýa goýumlaryny çekmek arkaly owgan halkynyň abadançylygyny üpjün etmek bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň ýolbaşçylarynyň Owganystanda söwda we maýa goýum işlerini ýeňilleşdirmek üçin kanuny esas döretmek arkaly hususy ulgama aýratyn üns berýändigi we goldaýandygy bellenildi.
N.Azizi owgan işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, haryt dolanyşygyny artdyrmak, Owganystanyň infrastrukturasyny bilelikde ösdürmek, harytlaryny beýleki sebitlere ibermek üçin üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmak, şeýle hem türkmen önümlerini Owganystandan üstaşyr geçirmek işini ýeňilleşdirmek isleýänigini beýan etdi.
Forumyň çäginde iki goňşy ýurduň dürli edaralaryň we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda onlarça duşuşyk geçirildi, täze gatnaşyklar ýola goýuldy hem-de bilelikdäki taslamalar we geljekki ugurlar kesgitlenildi.
Şeýle hem ýakyn günlerde türkmen-owgan işewür toparlarynyň arasynda onlarça resminamalara we şertnamalara gol çekmeklik maksady bilen, birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar we birža söwdasy meýilleşdirilýär.