Türkmenistanyň suw meselelerini deň derejede çözmäge ygrarlylygy
2024-nji ýylyň 4-nji martynda Aşgabatda türkmen-owgan işewürlik forumy geçirildi. Onuň çäklerinde suw çeşmelerini, şol sanda serhetüsti suwlary ulanmaklyk esasy mesele bolup durýan agrosenagat toplumy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitiň suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak boýunça taraplaryň esasy çemeleşmeleri we ýörelgeleri beýan edildi.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň sebitdäki ähli döwletleriň bähbitlerini suw dolandyryş meseleleriniň hemmetaraplaýyn çözülmegini göz öňünde tutup, suw baýlyklaryny yzygiderli peýdalanmak baradaky başlangyçlaryny işjeň durmuşa geçirýändigi nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, biziň ýurdumyz goňşy ýurtlar bilen suw hyzmatdaşlygynyň adaty hoşniýetlilik we doganlyk ruhunda birek-birege hormat goýmak, deňlik we aç-açanlyk ýörelgelerine esaslanýan halkara hukugyna laýyklykda alnyp barylmagyny goldaýar.
Türkmen tarapy, ýurduň oba hojalygynyň üznüksiz suw üpjünçiligi we şol bir wagtyň özünde suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak we suw tygşytlaýyş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli iş alyp barýandygyny aýtdy.
Owganystanyň Senagat we söwda ministriniň w.ý.ý. Nuruddin Azizi öz çykyşynda serhetüsti suw çeşmelerinden peýdalanmakda we owgan halkynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin niýetlenen suw desgalarynyň gurluşygynda Kabulyň goňşy ýurtlar, hususan-da, köp ýyl bäri Owganystan bilen dostlukly we oňyn goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklap gelýän Türkmenistan bilen özara razylyk, deňhukuklylyk we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanjakdygy nygtady.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Owganystan bilen agrosenagat toplumy we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyna, bu ugurda ileri tutulýan pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmaga taýýardygy bellenildi.