Lebap welaýatynyň ilatyna 200-e golaý täze döwrebap ýolagçy awtobuslary sowgat hökmünde gowşuryldy

Hormatly  Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine 2023-nji ýylda Ýaponiýada öndürilen 28 ýolagça niýetlenen «Toyota Coaster» kysymly awtoulaglaryň 170 sanysy hem-de 2023-nji ýylda öndürilen 13 ýolagça niýetlenen «Toyota Hiace» kysymly awtoulaglaryň 20 sanysy sowgat hökmünde gowşuryldy.

Welaýatyň ýaşaýjylarynyň buýsanjyna öwrülen rahatlygy bilen tapawutlanýan täze ýolagçy awtoulaglary etraplardan Türkmenabat şäherine gelýän ýolagçylara, şeýle hem şäherýaka ilatly ýerleriň ýaşaýjylaryna hyzmat eder.

Şonuň bilen birlikde welaýata gelip gowşan täze awtoulaglar edara-kärhanalardan hem-de raýatlardan kabul edilen buýurmalar esasynda gatnawlary amala aşyrar. Täze ýolagçy awtoulaglary kümüş saçly enelerimiziň gatnaşmaklarynda milli däplerimize görä garşy alyndy we onuň dowamy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň işgärleriniň, şäheriň köpsanly ýaşaýjylarynyň, medeniýet hem-de sungat işgärleriniň gatnaşmaklaryndaky hoşallyk çykyşlary, şowhunly aýdymlar we tanslar bilen utgaşdy.