TÜRKMENBAŞY ŞÄHERINDE TÄZE HALKARA DEŇIZ PORTY AÇYLDY
2018-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşy şäherinde dabaraly ýagdaýda täze Halkara deňiz porty açyldy. Portuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan gurnalan dabaraly çärä halkara guramalarynyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
2013-nji ýylda başy başlanan we şu gün tamamlanan Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň gurluşygy Türkmenistanyň deňiz flotynyň ösüşiniň wajyp bölegi boldy.
Täze port 152 gektara barabar meýdany eýeleýär we parom, ýolagçy we ýük terminallaryny öz içine alýar. Bir wagta 17 gämä hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan gämi duralgalarynyň umumy uzynlygy 1800 metre barabardyr. Portuň ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük ulaglaryna hyzmat etmäge, 400 müň konteýnerleri işläp taýýarlamaga mümkinçiligi bar. Täze portuň ýük geçirijilik ukyby, nebit önümlerini hasaba almazdan 17 million tonna barabardyr.
Portuň ulgamynda “Balkan” gämi gurujy we gämi bejeriji zawody gurulan. Ýylda 12 müň tonna polady gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolan bu kärhana, 4 sany gämini gurmaga we 20 sany gämini bejermäge gönükdirilendir.
Täze deňiz porty uly möçberli ýük akymlarynyň ýolunyň aralygyny we wagtyny ep-esli derejede azaltmaga mümkinçilik berip, Gara deňziniň kenarlaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýän häzirki zaman deňiz geçelgeleriniň ulgamyny döretmekde wajyp bölek bolmaga gönükdirilen diýip Türkmenistanyň Prezidenti belläp geçdi.
Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlarynyň kämilleşdirilmegi bilen sebitara we yklymara gatnaşyklar täze strategiki ähmiýete eýe bolýarlar. Elbetde porty gurmaklyk baradaky çözgüt ilki bilen içerki islegler bilen bagly. Türkmenistanyň günbatary, Hazar deňziniň kenary bu biziň ýurdumyzyň iň bir çalt ösýän sebitleriniň biridir.
Bu ýerde kuwwatly senagat, energetika, ulag, aragatnaşyk infrastrukturasy döredilýär, häzirki zaman gazhimiýa senagatynyň esasy goýulýar. Häzirki zaman portuň infrastrukturasy milli ykdysadyýete, onuň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmäge kuwwatly itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portunyň ähmiýeti milli çäklerden çykýar diýip türkmen lideri aýratyn belläp geçdi.
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň gurulmagy ulaltmazdan taryhy waka diýip aýtmak mümkindir, sebäbi onuň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy hyzmatdaşlygyň täze derejelerine çykarýar, olary doly möçberde ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna integrirlemäge, üstaşyr gatnawlarynyň wajyp merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny ýokarlandyrmaga ýardam eder.