Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Russiýa Federasiýanyň Ýaponiýadaky Ilçisi N.Nozdrew bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen ýakyn wagtda täze bellenilen Russiýa Federasiýasynyň Ýaponiýadaky Ilçisi Nikolaý Nozdrewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň arasyndaky strategiki häsiýete eýe bolan dostlukly we ynamly gatnaşyklaryň ileri tutulýan taraplary barada pikir alyşdylar.

Bu babatda, 2024-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda öňe sürlen “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Birleşen Milletler Guramasynyň kararnamasynyň kabul edilmeginde Russiýa Federasiýasynyň dörediji döwlet hökmünde çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirildi.