Ýaponiýanyň Parlamentiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlap Gündogaryň beýik akyldary hem nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegini halkara derejede dabaralandyrmagyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň binasynda tegelek stoluň başyndaky duşuşyk geçirildi.

Agzalan çäre Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, parlamentara, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen geçirildi.

Bu duşuşyga Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endo we Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşdarlar palatasynyň agzasy Şimpeý Matsuşita hem-de Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Parlamentiniň ýolbaşçylary beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmaga çagyryldy.