Türkmenistanyň Ilçisi Filippinler Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Manila şäherindäki Malakanang köşgünde Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tokio ş.) Atadurdy Baýramowyň Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Romualdes Markos Juniora ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Filippinler Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirdi, şeýle hem türkmen tarapynyň Türkmenistan bilen Filippinleriň arasyndaky dürli ugurlar boýunça dostlukly gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanmasyny tassyklady.

Prezident Ferdinand Romualdes Markos Junior mähirli salamlar we oňat arzuwlar üçin çuňňur sagbolsunyny bildirdi we öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamlaryny ýetirilmegini haýyş etdi.

Şeýle hem Filippinler Respublikasynyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň möhümdigini nygtamak bilen, Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.