Türkmenistanyň Ilçisi Filippinler Respublikasynda birnäçe duşuşyklary geçirdi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Filippinler Respublikasyna bolan saparynyň çäklerinde täze bellenen Türkmenistanyň Ilçisi A.Baýramow Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň ýolbaşçylary bilen birnäçe iş duşuşyklaryny geçirdi.

Esasan hem, 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Manila şäherinde Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň Orta Gündogar we Afrika ýurtlary boýunça orunbasary Mardomel Melikor bilen geçirilen duşuşyk örän ähmiýetli boldy. Bu duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Filippinleriň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu babatda, taraplar hyzmatdaşlyga itergi bermek maksady bilen iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek baradaky teklibi öňe sürdüler.

Ilçi A.Baýramowyň Manila şäherine saparynyň dowamynda Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň Orta Gündogar we Afrika ýurtlary boýunça geňeşçisi, Orta Gündogar ýurtlary müdirliginiň direktory, Protokol ofisiniň direktory hem-de Türkiýe Respublikasynyň Filippinlerdäki Ilçisi bilen duşuşyklary geçirildi.