Türkmenistan we Filippinler Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 3-nji awgustynda Filippinler Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň wekiliýeti «Clark Freeport» erkin ykdysady zolagyna baryp gördi. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm ädim boldy.

Saparyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, Bazalary özgertmek we ösdürmek boýunça müdirlik (BCDA) bilen duşuşyk geçirildi. Filippin tarapy «Clark Freeport» erkin ykdysady zolagy we täze, ekologiýa taýdan arassa şäheri döretmek baradaky ägirt uly taslama bilen jikme-jik tanyşdyrdy. Şeýle hem zolagyň çägine gezelenç guraldy, munuň özi türkmen wekiliýetine filippin tarapynyň gazananlary we başlangyçlary bilen gözli şaýat bolmaga mümkinçilik berdi.

Türkmen wekiliýeti amala aşyrylýan taslama ýokary baha berdi we erkin ykdysady zolaklary döretmek we dolandyrmak babatynda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirdi.

Mundan başga-da, duşuşygyň barşynda türkmen tarapy filippin kärdeşlerini bir ýyldan gowrak wagt mundan ozal açylan täze akylly şäher Arkadag bilen tanyşdyrdy. Tanyşdyrylyşyň dowamynda şäheriň esasy aýratynlyklary we üstünlikleri görkezildi, şeýle hem Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň meýilnamalary dogrusynda aýdyldy. Türkmen wekiliýeti filippin kärdeşlerini häzirki zaman Arkadag şäheri bilen giňişleýin tanyşmak we has çuňňur aragatnaşyklary ýola goýmak üçin Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

Şeýle görnüşli tejribe alyşmak we bilelikdäki başlangyçlar taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ykdysady ösüş we infrastruktura pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge bolan islegine şaýatlyk edýär.