Tokionyň mekdep okuwçylary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen tanyşdylar
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlap Gündogaryň beýik akyldary hem nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen tanyşdyrmak hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegini halkara derejede wagyz etmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Ilçihananyň binasynda Tokio şäheriniň Koto etrabynyň mekdep okuwçylary üçin okuw sapagy geçirildi hem-de şahyryň ömri we döredijiligine, milli mirasymyza bagyşlanan sergi guraldy.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegini halkara derejede dabaralandyrmagyň çäklerinde geçirilen bu okuw sapagyna Tokio şäheriniň Koto etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň mekdep okuwçylary gatnaşdy.
Magtymguly Pyragynyň şahsyýetini, döredijilik mirasyny wagyz etmek maksady bilen guralan okuw sapagynda Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer garaýyşlarynyň ähmiýetliligi, akyldaryň şahsyýeti ýaly köpugurly mowzuklar boýunça çykyşlary diňlenildi.
Bu okuw sapagynda Ilçi Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlary babatda giňişleýin belläp geçdi.