Ýaponiýaly bilim işgärleri bilen hyzmatdaşlyk
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda Ýaponiýa döwleti bilen bilim ulgamynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Ýapon gaznasy” bilen baglaşylan Ähtnama laýyklykda, institutda umumybilim edaralary üçin ýapon dili dersi boýunça okuw kitaplaryny we esbaplaryny taýýarlamak işlerini alyp barýan ýaponiýaly hünärmenler Hiroşi Ito we Naruhito Katsu hem-de geljekki iki ýylda bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek maksadyna eýerip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen hanym Yufu Iwainiň gatnaşmaklarynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmenistanly bilim işgärlerinden Milli bilim institutynyň direktory B.Bäşimow, bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri S.Durdyýew, mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň uly ylmy işgäri O.Berdiýew gatnaşdylar.
Duşuşykda ýurdumyzda soňky iki ýylyň dowamynda iş saparynda bolýan ýaponiýaly hünärmenler Hiroşi Ito we Naruhito Katsu umumybilim berýän orta mekdeplerde ýapon diliniň okadylyşy bilen ýakyndan tanyşyp, okuwçylaryň ýapon dili dersine bolan höwesini uly gyzyklanma bilen synlandyklaryny, türkmen mekdep okuwçylary bilen ýapon dilinde sorag-jogap alyşandyklary barada täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle hem, myhmanlar ýapon dilini okadýan mugallymlara bu dili okatmagyň usulyýeti boýunça usuly maslahatlary bererendiklerini we tejribelerini paýlaşandyklaryny aýtdylar.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini öwretmäge möhüm ähmiýet berilýär. Olaryň arasynda ýapon dili hem bar. Bagtyýar nesillerimize ýapon dilini öwretmekde hem-de bu daşary ýurt dili boýunça döwrebap okuw kitaplaryny taýýarlamakda, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda ýaponiýaly bilim işgärleri bilen işjeň hyzmatdaşlyga uly orun degişli bolup durýar. Ýaponiýa döwletinde ýurdumyza iş sapary bilen gelen hünärmenleriň türkmenistanly bilim işgärleri bilen bilelikde okuw kitaplaryny taýýarlandyklaryny bellemek gerek. Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň 12-nji synpy üçin täze neşir edilen “Ýapon dili” okuw kitaby munuň aýdyň mysalydyr. Bu okuw kitaby Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hödürlemegi bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan köpçülikleýin çap edildi. Okuw kitaby ýaş nesillerimize ýapon dilini netijeli öwretmäge, olarda türkmen dili bilen birlikde daşary ýurt dillerini hem yhlasly öwrenmeklige bolan gyzyklanmany hem-de höwesi ýokarlandyrmaga uly itergi berer.
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ýaşlaryň täze, döwrebap bilim almaklaryna, şol sanda iki halkyň arasyndaky dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmeklige uly ýol açýar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk geljekde hem has-da ösdürilip, ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim boýunça täze maksatnamalaryň netijesinde, zehinli ýaş nesillerimiziň arasynda täze tehnologiyalar we innowasiýa ýaly ugurlar boýunça has köp taslamalaryň amala aşyryljakdygyna berk ynanýarys.