img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro we ýurduň ähli halkyna Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Sindi Kiro tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Täze Zelandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.