Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Ýaponiýada saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hem duşuşygy boldy.
Duşuşyga ýapon tarapyndan Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, «Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Komatsu Ltd.», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Sanko Seiko Co. Ltd.», «Muroosystems Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Ltd.», «Tohkemy Corporation», «ITOCHU Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Işewürler duşuşmaga wagt tapandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, bu duşuşygyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin möhüm itergi boljakdygyny bellediler.
Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri döwlet Baştutanymyzy Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory alymlyk derejesine mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu duşuşygy gurandyklary üçin ýapon işewürlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Biz innowasion senagaty kämilleşdirmäge, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmaga uly üns berýäris. Şeýle hem energetikany diwersifikasiýalaşdyrmaga, milli we halkara ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge aýratyn orun degişlidir. Ýapon işewürleriniň bu ugurlaryň ählisine gatnaşmagy üçin amatly şertleriň bardygyny bellemek isleýärin diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň ykdysadyýetine uzak möhletli maýa goýumlary goýmak üçin örän gowy mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda käbir sanlary we maglumatlary getirdi.
Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda iri senagat desgalary işe girizildi. Şolardan Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody we Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi we Türkmenistanyň uzak möhletli maýa goýumlary goýmak hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin ýapon işewürlerine ähli şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti ýapon işewürlerini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz şu duşuşygy gurandygy üçin ýapon tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de duşuşyga gatnaşyjylara netijeli hyzmatdaşlygy arzuw etdi.
Işewür toparlaryň wekilleri ýurdumyzda häzirki wagtda senagat ulgamyny ösdürmäge, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, sirkulýar ykdysadyýete geçmäge we galyndylary gaýtadan işlemäge uly üns berilýändigini, munuň bolsa Türkmenistanda daşky gurşawy goramak meselesine jogapkärçilikli çemeleşmäniň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny bellediler we ýapon kompaniýalarynyň bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek babatda täze başlangyçlarydyr teklipleri öňe sürjekdiklerine ynam bildirdiler.
Ýapon tarapynyň wekilleri ugurlaryň giň gerimi boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda netijeli iş alyp barmagy babatda döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «ITOCHU Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda kuwwatlylygy ýylda 1,155 müň tonna karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Toyo Engineering Corporation» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanda Gyýanlydaky polimer zawodyny düýpli abatlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň arasynda 09.05.2024 senedäki (03.06.2024 senedäki HZM-740101) 02/24 belgili Çarçuwaly şertnama 2 belgili Goşmaça ylalaşyk;
Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda açyk dolanyşykdaky elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyk işine geçirmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;
Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Ýaponiýanyň «Muroosystems Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «Tokio Boeki Euroasia Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň «Tohkemy Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Kubota» korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Çuo uniwersitetiniň Gözleg we ösüş başlangyjynyň arasynda parnik gazlarynyň milli sanawyny kämilleşdirmek we Pariž ylalaşygyna laýyklykda hasabat bermek boýunça mümkinçiligini ýokarlandyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Nippon” eksport we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama bar.
Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň dowamynda:
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Nippon gaznasynyň we JACAFA gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Nippon gaznasynyň we JACAFA gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «Nippon» gaznasynyň we «JACAFA» gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ýaponiýa saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tokionyň Haneda Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýet agzalarynyň bu dostlukly ýurduň döwlet we hususy, şol sanda bank düzümleriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy. Duşuşyklarda degişli ugurlarda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.