Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary
2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary boldy. Saparyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy.
Gazagystanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana Gazagystan Respublikasyna gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we bu sapara sabyrsyzlyk bilen garaşylandygyny hem-de onuň öz wagtynda amala aşyrylandygyny nygtady.
Goňşy ýurduň Lideriniň belleýşi ýaly, Gazagystanda Gahryman Arkadagy ajaýyp döwlet işgäri hökmünde tanaýarlar.
Gazagystanyň Baştutany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çakylygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, bu çakylygy höwes bilen kabul edendigini hem-de türkmen paýtagtyna sapary amala aşyrmaga meýillidigini nygtady. Şu ýylyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändiginiň çuňňur manysy bardyr diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.
Goňşy ýurduň Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa şu ýyl Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygyny beýan etdi. Bu sapar özara doganlyk gatnaşyklaryna goşmaça itergi berer.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik, Türkmenistanyň wekiliýetiniň gadymy Türküstan şäherinde bolmagy üçin amatly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe 12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşmagyny tassyklandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dünýäniň syýasy giňişliginde hyzmatdaşlyk etmek meselesine geçip, iki ýurduň iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregi özara goldamagynyň asylly däbe öwrülendigini nygtady.
Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri 2025-nji ýylyň 21-nji martynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany goldandygy we awtordaş bolup çykyş edendigi üçin gazak tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy söwda-ykdysady ulgamda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy meselesine geçip, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösýändigini aýtdy we şunda bu görkezijini mundan beýläk-de artdyrmak babatda mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ulag-kommunikasiýa pudagyny hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri mundan beýläk-de amatly üstaşyr ulag şertlerini döretmek maksady bilen, Hazar deňzinde Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garamagy teklip etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, Türkmenistanyň we Gazagystanyň wekilleriniň biziň ýurtlarymyzda geçirilýän halkara maslahatlara, sergilere, beýleki çärelere işjeň gatnaşýandyklaryny belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüniň ahyrynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni “SPK TURKISTAN” senagat parkyna tarap ugrady.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew senagat parkyna baryp, bu ýerde öndürilýän dürli önümler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän sergi bilen tanyşdylar.
Açyk meýdançada ýeňil awtoulaglar, traktorlar, kombaýnlar, awtobuslar, şeýle hem olaryň ätiýaçlyk şaýlary görkezildi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystan Respublikasynyň Baştutany ykdysadyýetiň dürli pudaklary, şol sanda gurluşyk, oba hojalygy, ulag pudaklary üçin niýetlenen senagat önümleriniň nusgalarynyň, gaýtadan işleýän senagatyň harytlarynyň, kompýuter we durmuş tehnikasynyň görkezilýän sergi bölümine bardylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine mowzuklaýyn wideoşekiller hem görkezildi.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti bilelikde Türküstan şäheriniň Hazret Sultan Halkara howa menziline geldiler.
Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow uçarda dostlukly sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna ugrady.
2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary amala aşyrdy.
Döwlet baýdaklary bilen bezelen Çolpon-Ata şäheriniň Yssyk-köl Halkara howa menzilinde haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülüpdirler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlar mähirli garşylanyldy we merkez barada giňişleýin maglumat berildi.
“Ruh-Ordo” medeniýet merkeziniň gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar we Yssyk-kölüň ajaýyp kenarynda gezelenç etdiler. Gezelenjiň dowamynda iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagynda-da gatnaşyklary ösdürmegiň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.
23-nji aprelde irden Çolpon-Ata şäheriniň “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň maslahatlar binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşygy boldy.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny myhmansöýer gyrgyz topragynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi.
Gyrgyz Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şu saparynyň halklarymyzyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Sadyr Žaparow 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmagynyň çäklerinde geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.
Pursatdan peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny we Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurda sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşyga ýurtlarymyzyň arasyndaky okgunly ösýän syýasy dialogyň dowamy hökmünde garaýandygyny belledi.
Milli Liderimiz Prezident Sadyr Žaparowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy syýasy-diplomatik ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezip, ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň esasy şerti hökmünde çykyş edýändigini belledi.
Hormatly Arkadagymyz Prezident Sadyr Žaparowyň 12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak halkara forumyň işine gatnaşmagyna umyt bildirildi.
Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň awgust aýynyň başynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň howandarlygynda we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlyklyk etmeginde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýtdy we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini oňa gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly döwletiň Baştutanyny Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan transkontinental demir ýolunyň gurluşygy boýunça giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen gutlap, üstaşyr ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek babatda bilelikdäki işiň wajypdygyny belledi hem-de logistika boýunça ýerli merkezi döretmegi teklip etdi.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti gyrgyz milli ak öýüne baryp gördüler.
Türkmen-gyrgyz dostluk gatnaşyklaryny hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly şahsy goşant goşan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hormat-sarpanyň nyşany hökmünde gymmatly sowgatlar – milli gyrgyz ak öýi hem-de häzirki wagtda aýawly saklanylýan we kämilleşdirilýän senetçilik sungatynyň ösýändigine şaýatlyk edýän sowgatlyk önümler, şeýle-de Han atly bedew sowgat berildi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmana milli gyrgyz at üstündäki oýunlar görkezildi.
Gahryman Arkadagymyz atçylygyň gadymy däpleriniň umumylygyny belläp, gyrgyz atşynaslaryny golaýlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde Arkadag şäherine gelmäge çagyrdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň Baştutany atçylyk toplumynyň ähli işgärlerine minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugradylar.
Gyrgyz Respublikasyna dostlukly saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen bilelikde Yssyk-köl Halkara howa menziline bardy we şol ýerden uçarda Özbegistanyň Samarkant şäherine ugrady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.
Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Prezident Şawkat Mirziýoýew garşylady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbek Lideriniň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna ugrady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Prezident Şawkat Mirziýoýew Islam Karimowyň aramgähine bardylar hem-de Özbegistanyň ajaýyp syýasy-döwlet işgärini hatyralap, gül desselerini goýdular. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we doganlyk ýurduň Baştutany ýörite bellenen ýere bardylar. Ol ýerde musulman dessurlaryna laýyklykda, ymam mukaddes Gurhandan aýatlary okady.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen bilelikde “Silk Road Samarkand” halkara merkezindäki “Baky şäheriň” syýahatçylyk meýdançasyna bardylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri özbek Lideri bilen bilelikde umumy meýdany 17 gektardan gowrak bolan ägirt uly toplumyň desgalary bilen tanyşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän gymmatlyklar, senetçilik, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň nusgalary, binagärlik desgalarynyň aýratynlyklary bilen tanşyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de özbek tarapynyň wekillerine gezelenjiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Dostlukly saparyň ikinji gününde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Samarkant şäherindäki Kongres merkeziniň esasy girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany Özbegistanyň Baştutany mähirli garşylady. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy boldy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler syýasy, ykdysady we söwda ulgamlarynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ýurtlarymyzyň bilelikde tagalla edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbegistanyň Baştutany netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Soňra giňişleýin düzümdäki duşuşyk geçirildi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny Samarkantda mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistana dostlukly sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Goňşy döwletiň Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy golaýda Ýaponiýa amala aşyran üstünlikli sapary hem-de Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory alymlyk derejesiniň berilmegi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, munuň özi diňe bir Türkmenistana däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa hem hormat-sarpanyň nyşanydyr.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna taýýarlyk görülýändigini nygtady.
Pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň, şeýle hem “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady.
Goňşy ýurduň Lideri sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasyna şu gezekki saparynyň netijeleriniň ähli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryň ilerledilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz doganlyk ýurduň Baştutanyny ýene-de bir gezek mübärekläp, Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy we mähirli kabul edendigi, myhmansöýerligi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Liderine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, şu gün ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyljakdygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwletara dialog ýokary derejede ösdürilýär. Bu işde iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary kesgitleýji orny eýeleýär.
Özara saparlaryň asylly däbi şu ýyl hem dowam etdirildi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň şu ýylyň 5-nji maýynda “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” strategik dialogynyň ikinji sammitine gatnaşmak üçin Samarkanda, 6-7-nji sentýabrda bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Daşkent şäherine barjakdygyny belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şawkat Mirziýoýewe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderini şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça geçiriljek halkara foruma hem gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklaryň ilerledilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisini, üçünji sebitara forumy we milli haryt öndürijileriň sergisini guramagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.
Şunuň bilen bir hatarda, Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň – söwda merkeziniň döredilmegi söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Onuň gurluşygy “Daşoguz – Şabat” barlag-geçiriş nokady sebitinde giň gerimde alnyp barylýar.
Himiýa senagaty pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem üns berilmäge mynasypdyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we özara gatnaşyklaryň ýokary derejededigini hem-de Türkmenistanyň bu pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezip, türkmen tarapynyň bar bolan üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek we täzelerini döretmek boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagy teklip edýändigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir.
Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şawkat Mirziýoýewe myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, hemmelere berk jan saglyk, üstünlik, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.
Goňşy ýurduň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideriniň çykyşy, beýan eden teklipleri üçin hoşallyk bildirip, Özbegistanyň iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine Türkmenistan bilen giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassyklady.
Ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny – “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagymyza Özbegistana sapary amala aşyrandygy üçin hoşallyk bildirdi. Özbek Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen hormat-sarpa — “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglandygy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýan bu çäräniň taryhy ähmiýetini nygtady.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň adyndan Özbegistanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi we oňa berk jan saglyk, döwlet işinde uly üstünlikleri, goňşy ýurduň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Soňra dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Liderini Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we dostlukly döwletiň Baştutany Kongres merkeziniň Hormatly myhmanlar seýilgähinde iki ýurduň doganlyk halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň we dostlugynyň pugtalandyrylmagynyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdylar.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Lideri “EKSPO” sergiler merkeziniň binasyna baryp, bu ýerde “Wagtyň salgymlary” atly sergi bilen tanyşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gyzykly we çuň manyly gezelenç üçin minnetdarlyk bildirip, muzeýleriň hem-de şeýle sergileriň möhüm ornuny belledi.
Öz nobatynda, gezelenç mahalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýanynda bolan serginiň ýolbaşçylary belent mertebeli myhmana muzeýe gelip görendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Halkara howa menziline bardy.
Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we özbek Lideri mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassykladylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady.