Türkmenistanyň Ilçisiniň Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen komitetiniň başlygy bilen duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti Kýosuke Nagatanyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky medeni-bilim we söwda-ykdysady ugurlarda, şol sanda 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň başynda Ilçi 2025-nji ýylyň 13-15-nji aprelinde türkmen döwletiniň baştutanynyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory” diýen ýokary derejäniň berlendigi üçin ýapon tarapyna hoşallygyny bildirdi.

Taraplar 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde göni wideoaragatnaşyk arkaly gol çekilen “Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy barlag işi babatda hyzmatdaşlyk barada özära düşünişmek hakynda Ähtnamany” durmuşa geçirmegiň çäklerinde işlemegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.