Türkmenistanly talyplaryň üçüsi bir ýyl Ýaponiýada bilim alar

photo

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda akademik alyş-çalyşygy we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama laýyklykda, uniwersitetiň üç talyby Ýaponiýa döwletinde bilim alarlar. 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan, 2026-njy ýylyň 31-nji awgusty aralygynda dowam etjek maksatnama inženerçilik, informatika, ynsanperwerlik we ösen tehnologiýalar ýaly ugurlary öz içine alýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu maksatnama gatnaşýan talyplar hünär taýýarlygyny kämilleşdirer, akademiki tejribesini artdyrar, dürli medeniýetleri öwrener hem-de öz ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenler hökmünde taýýarlanar.
Şeýle-de, bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanylmagyna, bilim, ylmy gözlegler we tehnologik ösüş ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze sepgitlere çykmagyna mümkinçilik döredýär.