Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy

photo

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisiniň geçirilýän günlerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler we şu gepleşikleriň netijeli pikir alyşmaga, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigini tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Awstriýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.

Şunda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini bellemek gerek. Häzirki wagtda Türkmenistan we Awstriýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, BMG-niň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmekde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Türkmen sazandalary Awstriýada geçirilýän festiwallara yzygiderli gatnaşýarlar, simfoniki orkestriň düzüminde üstünlikli çykyş edýärler. Şeýle hem ýurdumyzda Wena balynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini we bu wakanyň ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändigini belledi hem-de Prezident Aleksandr Wan der Belleni şanly sene mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Awstriýanyň Prezidenti çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylyga möhüm goşant goşýandygyny we halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow hem-de Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.