img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hirosi Sasakiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ösüşiniň ýokary depginini bellediler.

Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar iki ýurduň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassykladylar.