Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň we ýapon kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Tegelek stol» maslahaty geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, «Sumitomo Corporation» we «Toyota Central Asia» kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Awtomobil tehnikalaryny üpjün etmek ugrunda ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri» atly mowzuk esasynda wideo aragatnaşyk arkaly «Tegelek stol» maslahaty geçirildi.

«Tegelek stol» maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň arasynda taksi we beýleki jemgyýetçilik maksatlary üçin awtoulag serişdelerini üpjün etmek babatda ozaldan ýola goýlan hyzmatdaşlyk aýratyn bellenilip, bu gatnaşyklary mundan beýläk-de özara bähbitli esasda pugtalandyrmagyň möhümdigi beýan edildi.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler we mümkin bolan geljekki taslamalar barada pikir alyşdylar.

«Tegelek stol» maslahatynyň jemlerinde, ýapon kompaniýalarynyň wekilleri 2025-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2025» atly halkara maslahatyna we sergisine işjeň gatnaşmaga çagyryldy.