Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» ýapon kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Eisaku Ito bilen duşuşdy.
«Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy «GAP Inşaat» (Türkiýe) kompaniýasy bilen konsorsiumda Gyýanlyda ýyllyk kuwwaty 1,155 million tonna bolan karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyny alyp barar.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda, esasan hem energiýa, nebithimiýa we senagat innowasiýalary babatda uzak möhletli, özara peýdaly hyzmatdaşlygy aýratyn bellenildi.
Türkmeniň Hormatly Prezidenti Türkmenistanyň amatly işewürlik gurşawyny we täze pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligini nygtady.