Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we ýapon kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Tegelek stol» maslahaty geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Awtomobil tehnikalaryny üpjün etmek ugrunda ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri» atly mowzuk esasynda wideo aragatnaşyk arkaly «Tegelek stol» maslahaty geçirildi.

«Tegelek stol» maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň arasynda «Komatsu» tehnikalaryny we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak babatda ozaldan ýola goýlan hyzmatdaşlyk aýratyn bellenilip, bu gatnaşyklary mundan beýläk-de özara bähbitli esasda pugtalandyrmagyň möhümdigi beýan edildi.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler we mümkin bolan geljekki taslamalar barada pikir alyşdylar.