img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Nara prefekturasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli çäreleri geçirmek maksady bilen Nara prefekturasyna sapary amala aşyryldy. Saparyň dowamynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli Nara Bilim uniwersitetinde tegelek stoly we duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Çärä gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, halkyň aýrylmaz maddy we ruhy baýlygy bolan türkmen atlary, ahalteke atlaryny ylmy taýdan öwrenmek, bu tohumy giňden ýaýratmak hem-de onuň halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan toplumlaýyn işler bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Ilçi A.Baýramow Nara şäheriniň häkimi G.Nakagawa, Nara prefekturasynyň häkimi M.Ýamaşita, Nara Bilim uniwersitetiniň prezidenti T.Miýaşita we Nara Milli muzeýiň Baş direktorynyň orunbasary S. Ýoşizawa bilen duşuşyklary geçirdi. Geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, hususanda, Nara şäheri bilen doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, medeni-taryhy gatnaşyklary ösdürmek, Nara Milli muzeýi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ykdysadyýet we senagat, bilim, syýatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly Nara Ýaponiýanyň iň gadymy we ilkinji paýtagt şäheridir. Ýaponiýanyň häzirki Premýer-ministri S.Takaiçiniň dogduk mekanydyr.