AŞGABATDA MASYH AGZA ÝURTLARYNYŇ ÝÜK DAŞAÝJYLARYNYŇ ASSOSIASIÝASYNYŇ FEDERASIÝASYNYŇ 9-NJY MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MASYH) agza ýurtlarynyň ýük daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň federasiýasynyň nobatdaky 9-njy mejlisi geçirildi.

Mejlise Hytaý Halk Respublikasynyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Mongoliýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we ugurdaş edaralarynyň wekiliýetleri, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň, Bütindünýä gümrük guramasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň, iri logistik kompaniýalaryň we kärhanalaryň wekilleri, bilermenler hem-de synçylar gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlar, maksatnamanyň wezipelerini netijeli ýerine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, gümrük hyzmatdaşlygy boýunça komitet bilen özara hyzmatdaşlygy gowulandyrmak, MASYH agza ýurtlarynda ugurdaş hünärler babatdaky hyzmatdaşlyk meseleleri girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar söwdanyň ösüşi boýunça, söwda syýasatyny we energetika gatnaşyklaryny, gümrük ulgamynyň çärelerini işjeňleşdirmek boýunça logistika ulgamynda Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň agza ýurtlarynyň ýük daşaýjylaryň assosiasiýasynyň federasiýasynyň tagallalaryna goldaw bermek işleriniň ösüşi hem-de bu ugurdaky başlangyçlar bilen tanyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň we tutuş Merkezi Aziýanyň ulag geçelgelerini döretmek baradaky işjeň syýasaty Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek wezipelerini amala aşyrmagyň çäklerinde örän ähmiýetlidir. Özüniň geografik taýdan amatlylygyny peýdalanyp, dünýä bazarlaryna çykmak üçin oňaýly üstaşyr geçelgeleri üpjün etmek meseleleri diňe bir Türkmenistanyň geljekki ösüşi üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin ähmiýetlidir, diýip maslahata gatnaşyjylar belläp geçdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren teklipleriniň wajypdygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, bu başlangyçlaryň zerurlygyny döwrüň özi tassyk etdi. Çünki ulag pudagy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri we dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňeçerligine oňyn täsir edýän ählumumy durnukly ösüşiň wajyp şerti bolup durýar.

Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň agza ýurtlaryň 9-njy sebit duşuşygynyň çäklerinde ýük daşaýjylaryň assosiasiýasynyň federasiýasynyň ýerine ýetiriji geňeşiniň we iş toparlarynyň mejlisi geçirildi.