Tokio şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Maslahat we Kabul edişlik geçirildi

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy tarapyndan, 2016-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Tokio şäherindäki “Palace” myhmanhanasynda “Global durnukly ulag ulgamyny ösdürmek babatynda, Türkmenistanyň başlangyçlary” atly Maslahaty geçirildi we Maslahatyň dowamynda 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak barada wideorolik görkezildi. Şeýle hem, şol gün Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, resmi Kabul Edişligi geçirildi.

Bu Maslahata, jemi 200 adam gatnaşdy. Maslahatda, türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi G.Elýasow, şeýle hem ýapon tarapyndan, Ýaponiýanyň Parlamentiniň agzasy we öňki Içerki işler we aragatnaşyk Döwlet ministri Şimpei Matsuşita, Ýaponiýanyň “ITOCHU” korporasiýasynyň başlygynyň orunbasary we ýapon-türkmen ykdysady komitetiniň başlygy Ýoiçi Kobaýaşi, Ýaponiýanyň ROTOBO guramasynyň GDA ýurtlarynyň ykdysadyýetini öwreniş institutynyň başlygy Miki Wajima, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky öňki Ilçisi Hideomi Nakajima, Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň rektory Kýosuke Nagata, Tokionyň Halkara öwreniş uniwersitetiniň rektory Hirotaka Tateýişi we Ýaponiýanyň Hirosaki uniwersitetiniň rektory Kei Sato dagylar çykyş etdiler. Olar, Türkmenistanyň köp ugurlarda ýeten beýik sepgitleri barada, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki we geljeki perspektiwalary barada hem-de transport we V Aziýa oýunlaryny barada öz çykyşlarynda giňişleýin beýan etdiler.

Soňra sagat 18:30-20:30 aralygynda 400 adamyň gatnaşmagynda resmi Kabul Edişlik geçirildi. Bu dabarada, Ilçi G.Elýasow, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Hiroşige Seko, Ýaponiýanyň Parlamentiniň agzasy, türkmen-ýapon dostluk ligasynyň başlygy we öňki Olimpik ministri Toşiake Endo hem-de Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Motome Takisawa, şeýle hem, Ýaponiýanyň Daşary işler Döwlet ministri Kentaro Sonoura dagylar resmi çykyş etdiler.

Dabaranyň dowamynda, Ýapon sazandalary (pianoçy we skripkaçy) türkmen sazlaryny ýerine ýetirdiler we Tokionyň Halkara öwreniş uniwersitetiniň ýapon talyplarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen tanslary görkezildi. Şeýle hem, Ilçihana tarapyndan Türkmenistan baradaky foto suratlaryň, kitaplaryň hem-de türkmen milli zatlaryndan ybarat bolan sergi gurnaldy. Ilçihana tarapyndan ýapon diline terjime edilip, çapdan çykarylan hormatly Prezidentimiziň “Çaý melhem hem ylham” atly kitabyny  çäräniň dowamynda gelen myhmanlara paýlanyldy.

Agzalan çäreler ýokary derejede geçirilip, çärelere gatnaşan myhmanlarda Türkmenistan barada uly gyzyklanma döretdi.