ÝAPONIÝANYŇ «KOKUGAKUIN» UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTAN WE AZIADA-2017 BARADA TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 12-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Tokio şäherindäki “Kokugakuin” uniwersiteti bilen birlikde, AZIADA-2017 oýunlarynyň başlanmagyna 250 gün galmagy mynasybetli, agzalan okuw jaýynyň we Ýaponiýanyň beýleki uniwersitetleriniň talyplary we mugallymlary bilen giňeldilen duşuşyk görnüşinde Tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi G.Elýasow, bu okuw jaýynyň ýolbaşçylary, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ozalky Işleri wagtlaýyn ynanynal wekili Mitsuru Horiguçi dagylar çykyş etdiler. Olar oz çykyşlarynda Aziýa yklymynda uly ähmiýete eýe boljak AZIADA-2017 oýunlara görülýän giň-gerimli taýýarlyk işleri barada gürrüň berdiler.

Tanyşdyrylyş çäresiniň öň ýanynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi G.Elýasow bilen bu unuwersitetiň rektory jenap Masuhisa Akai bilen duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

150 adamdan gowrak gatnaşan bu Tanyşdyrylyş dabaranyň dowamynda Türkmenistan hakynda ýörite wiktorina hem geçirildi. Onuň ýeňijilerine Ilçihana tarapyndan ýadygärlik sowgatlar berildi.

Çäräniň çäklerinde geçirilen Türkmenistanyň milli medeniýetine degişli, şeýle hem kitaplaryň we foto-suratlarynyň sergisi hem gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Dabaranyň soňunda çärä gatnaşan myhmanlara Ilçihana tarapyndan taýýarlanan milli tagamlary hem hödürlendi.