Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary

2015-nji ýylyň 13-14nji mart aralygynda Ýaponiýada iş saparynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Sendaý şäherinde geçirilen tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi azaltmak babatdaky III Bütindünýä maslahatyna gatnaşdy. 

Hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa bolan iş saparynyň çäklerinde  Ýaponiýanyň Imperatory Akihito bilen, şeýle hem Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen duşuşdy.  
Şeýle hem Milli Liderimize Sukuba uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen alymlyk adyny dakmak dabarasy boldy.