Türkmen Liderine Olimpiýa şäherçesiniň Suw sport toplumynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi mynasybetli güwänamalar gowşuryldy

Milli Liderimiz Aşgabadyň täze, döwrebap Olimpiýa şäherçesiniň “Olimpiýa” stadionynyň münberini bezeýän ajaýyp ahalteke bedewiniň çeper şekiliniň dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, şeýle hem Sportuň suw görnüşleri merkeziniň halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanyp, häzirki zaman tehnologiýalary esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini tüýs ýürekden buýsanç bilen belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň myhmany, Ginnesiň rekordlar kitabynyň önüm marketingi boýunça ýolbaşçysy jenap Wiktor Fenes Wakasa söz berdi.

Myhman 10 günden türkmen paýtagtynda geçiriljek oýunlaryň ägirt uly ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, bu iri çäräniň eýeleýän orny sport ulgamynyň çäginden has giňdir. Onuň möhüm ähmiýeti durmuşyň ähli ugurlarynda — halkara hyzmatdaşlygyndan başlap, syýahatçylyga çenli ähli ulgamlarda öz beýanyny tapar.

Myhman Ginnesiň rekordlar kitabyna hödürlenen degişli maglumatlaryň doly we içgin öwrenilmeginiň netijeleri barada habar berip, hormatly Prezidentimizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny paýtagtymyz Aşgabadyň dünýä rekordlarynyň arasynda ýene-de bir gezek mynasyp orun eýeländigi bilen gutlady.

Türkmen Lideriniň üns merkezinde durýan “Aşgabat 2017” oýunlaryna düýpli we içgin taýýarlyk görmek meselesi binagärlik babatda hem äşgär bolýar: türkmen paýtagtynda täsin sport toplumy — diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, onuň daşynda hem deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi guruldy.

Munuň özi diňe bir ägirt uly taslamanyň giň möçberliligine däl, eýsem, özüne 40-a golaý desgany birleşdirýän şäherçäniň enjamlaşdyrylyşynyň derejesine, ýokary tehnologiýaly düzümine, oňaýlylygyna hem-de gaýtalanmajak bezeg keşbine hem degişlidir.

Aşgabat Aziadasynyň esasy nyşany bolan bedewiň çeper şekili bu keşbiň esasy bölegine öwrüldi. Bu ägirt uly şekilde oýunlaryň tutuş many-mazmun babatdaky taglymy, Türkmenistanyň beýik maksatlara, dünýäde parahatçylyga we halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy ösüşiň hem-de abadançylygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, ýaşaýyş-durmuşyň esasy gymmatlygy hökmünde sagdynlygy berkarar etmäge ymtylmasy jemlenendir.

Ikinji güwänama Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň sportuň suw görnüşleri merkezi mynasyp boldy. Ol halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna kybap gelýän ekologiýa taýdan arassa serişdelerden häzirki zaman tehnologiýalar esasynda gurlan dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Myhman milli Liderimize güwänamalary gowşuryp, Ginnesiň rekordlar kitabynda öz beýanyny tapan täsin Olimpiýa şäherçesiniň ýene-de köp nesillere hyzmat etjekdigini hem-de ak mermerli paýtagtyň ajaýyp ýerleriniň birine we buýsanjyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Muňa jogap edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesindäki atyň keşbiniň hem-de Suw sport toplumynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi mynasybetli Ginnesiň rekordlar kitabynyň ýolbaşçylaryna we ähli işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.