YAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA 5 AZIÝA OÝUNLARY DABARALY AÇYLDY

2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezienti Gurbanguly Brdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň görnükli döwlet işgärleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmaklarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynyň ýanyna geldi. Edaranyň binasynyň eýwanynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyz we tutuş sebit üçin ähmiýetli waka bolan “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen döwlet derejesindäki wekiliýetleriň agzalary bilen görüşdi.

Mähirli salamlaşanlaryndan soň milli Liderimiz olaryň her biri bilen surata düşdi we belent mertebeli myhmanlary binanyň VIP zalyna çagyrdy. Soňra Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy mynasybetli resmi kabul edişlik boldy.

Agşamlyk naharynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah söz sözlediler.

Söwda-senagat edarasyndan hormatly Prezidentimiziň we daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki ulag kerwenleri Olimpiýa şäherjigine tarap ugrady. Olimpiýa stadionynyň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdançada dabara gatnaşýan belent mertebeli myhmanlaryň resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Dabaranyň resmi bölümi başlanýar. Dabarany alypbaryjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy, ähli türkmen halkyny we dabara gatnaşyjylary oýunlaryň açylyşy bilen gutlaýarlar. Stadiona Türkmenistanyň Döwlet baýdagy getirilýär. Soňra stadiona Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baýdagy getirilýär.

Tomaşaçylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Milli Liderimiz bu ýere ýygnanan döwlet Baştutanlaryna, wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna hem-de agzalaryna, myhmanlara we oýunlara gatnaşyjylara, ähli ildeşlerimize gutlag sözi bilen ýüzlenýär.

Döwlet senasynyň owazynyň astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýokary galdyrylýar. 45 müň orunlyk stadiony dolduryp oturan adamlar ör turup, elini ýüregine goýup, Döwlet senasyny ýerine ýetirýärler.

Soňra Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabaha söz berilýär.

Ol öz çykyşyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, beýleki döwletleriň Baştutanlaryna hem-de dürli ýurtlardan gelen ýokary wezipeli myhmanlara, sport federasiýalarynyň, Milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylaryna, ähli türgenlere we tomaşaçylara hoşallygy bilen başlaýar.

Soňra Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň nyşany şekillendirilen ak baýdak galdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat 2017” oýunlaryna ak pata berýär we jaň kakýar.

Biziň sabyrsyzlyk bilen garaşan dabaramyz başlanýar. Dabaraly sazyň owazy ýaňlanýar. Taryh baradaky gürrüň häzirki döwrüň wakalaryna geçýär hem-de onda ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi janlandyrylýar.

Soňra dabaranyň özboluşly bölegi başlanýar. Uly göwrümli silindr görnüşindäki displeý nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrýan üznüksiz sapajyklaryndan emele gelen altyn ýumak üçin sandyjaga, asyrlaryň dowamynda toplanan ruhy we medeni gymmatlyklaryň genji-hazynasyna öwrülýär. Şunda halkymyzyň ruhubelentliginiň, erk-isleginiň we zehininiň egsilmez çeşmesi äşgär bolýar.

Merkezi monitorda “Hoş geldiňiz!” diýen ýazgy peýda boldy we daş-töwerek ýaşyl reňkli şöhlä beslendi. Meýdançada ýagtylyk şöhlesi giň ak ýodajygy emele getirdi. Alypbaryjylar türgenleriň ýörişiniň başlanýandygyny yglan edýärler.

Ýörişi ýetginjek “Aşgabat 2017” oýunlarynyň şekiline öwrülen alabaýy bilen açýar. Onuň yzysüre oglanjyklar bu tohum itiň güjüjiklerini alyp geçýärler. Olaryň yzy bilen, elipbiý tertibinde Aziýanyň we Okeaniýanyň 64 ýurdunyň ýygyndy toparlary, şeýle hem Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýan Bosgunlaryň topary geçdi. Türgenleri köpsanly janköýerler hem-de tomaşaçylar mübärekleýärler. Ýörişiň ahyrynda Aziadany geçirýän ýurduň—Türkmenistanyň wekilleri geçýärler.

Biraz salymdan soň, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň alawyny elinde saklap gelýän atly ýigit stadiona gelýär. Zenanlar gadymdan gelýän däbe görä, ýörite çanaklarda ýüzärlik tütedip, asylly başlangyja ak pata berýärler.

Meýdançanyň merkezinde diň peýda bolýar we alawly ýigit atyny basgançaklar boýunça onuň depesine gönükdirýär. Çapyksuwar bedewi çarpaýa galdyryp, alawy sekizburçly ýyldyza degirýär, şondan soňra onda iki “kometa” peýda bolup, Olimpiýa stadionynyň münberlerini bezeýän ägirt uly bedewiň şekiliniň ýokarsynda ornaşdyrylan çanaga tarap okdurylýar. Çanakda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakylýar. Dabaranyň ahyrynda paýtagtymyzyň asmanyny baýramçylyk feýerwerkleri ýagtylandyrýar.