ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament meseleleri boýunça orunbasary jenap Horii Manabuny kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda jenap Horii Manabu Türkmenistany V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň üstünlikli geçirilimegi bilen gutlady.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde halkara guramalaryň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkmen tarapy Ýaponiýa tarapyna 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy maslahaty geçirilýän döwründe Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen bilelikdäki “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” jarnamasynyň awtordaşy bolup çykyş etmegine minnetdarlyk bildirdi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, taraplar bilelikdäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen aragatnaşyklary hil taýdan täze ýokary derejelere ýetirmegi ylalaşdylar. Şeýle-hem soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň özeni bolup çykyş edýän berk şertnama-hukuk esasyny döredendigi bellenilip geçildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada ara alyp maslahatlaşylanda, taraplar  syýahatçylyk, ylym we bilim ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmekde meýillerini bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň kuwwatyny belläp we mundan beýläk dürli ugurlarda gatnaşyklary saklamagyň zerurdygyny nygtap geçdiler.