Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisi
“Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli maslahatyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wajyp wezipeleri, Türkmenistanda täze taryhy eýýamda ýaýbaňlandyrylan oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň gadymy esaslarynyň biri bolan Ýaşulular maslahaty döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny, halkymyzyň pederlerimiziň paýhasly ýörelgelerine we köpasyrlyk taryhy bolan demokratik esaslara üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär. Ýaşuly nesillere hormat goýmak, ýaşulularyň, ak gyňaçly eneleriň baý durmuş tejribesine daýanmak türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde Ýaşulular maslahaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orun eýeleýär we ol ähmiýetli utgaşdyryjy mümkinçiligi emele getirýär. Hut şonuň üçin hem geçirilýän maslahat umumymilli möçbere eýe bolup, onuň dowamynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň sazlaşykly ösüşi, halkymyzyň abadançylygy we bagtyýarlygy üçin möhüm ähmiýeti bolan wajyp meselelere garalýar we anyk çözgütler kabul edilýär.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasyna geldi.
Döwlet Baştutanymyz Ýaşulular maslahatynyň mejlisine başlamazdan öňürti bu ýerde Mejlisiň Başlygynyň, ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda giňişleýin maslahat geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz öňi bilen halkymyz we ýurdumyz üçin bähbitli çözgütleriň kabul edilýän Ýaşulular maslahatynyň işe girişmegi bilen maslahata gatnaşyjylary gutlady we bu umumymilli çäräniň üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara özüniň täze döreden “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyny sowgat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýoly ägirt uly taryhy miras bolup, onuň merkezi logistika düzümi biziň Watanymyzda gaýtadan dikeldilýär, halklaryň we ýurtlaryň özara ýakynlaşmagy üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat edýär, olaryň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, ýurtlaryň, sebitleriň we tutuş yklymlaryň arasynda özara düşünişilmegine hem-de hyzmatdaşlyga, özara gatnaşyklaryň ygtybarly binýatlarynyň kemala gelmegine ýardam berýär.
Maslahata gatnaşyjylar ajaýyp sowgat üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, munuň ählihalk dabarasynyň öňüsyrasyndaky ýakymly waka öwrülendigini bellediler.
Maslahatyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň welaýatyň çäginde ýerleşýän “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda geçirilýän Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisine görlen taýýarlyk işleri, maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama we ony üstünlikli ýerine ýetirmek üçin görlen çäreler baradaky hasabaty diňlenildi.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem Ýaşulular maslahatynyň mejlisine görlen taýýarlyk işleri we onuň gün tertibi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzda her ýylda geçirilýän we halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly milli ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan Ýaşulular maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, onda öňe sürülýän teklipleri ara alyp maslahatlaşmak we degişli çözgütleri kabul etmek üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmegi şu günüň derwaýys wezipesidigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň şu gün bellenilýän güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler we şanly sene mynasybetli işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Harby-Deňiz Güýçleriniň serkerdelerini, deňizçi esgerleri we bu ugra degişli beýleki işgärleri her ýylyň oktýabr aýynda bellenilýän hünär baýramçylygy bilen gutlady. Milli Liderimiz ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek döwletimiziň amala aşyrýan syýasatynyň möhüm ugrudygyny belledi. Hazar deňzini dostlugyň we ylalaşygyň deňzine öwürmekde harby deňizçileriň ägirt uly hyzmatynyň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu işleri döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrýan daşary syýasatyň esasy ugurlary we oňa laýyklykda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmek boýunça gyzyklanma bildirilýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlary bilen birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak esasynda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda yzygiderli işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz maslahatyň dowamynda şeýle hem ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, oba hojalyk tehnikalarynyň güýjünden doly peýdalanmak we obasenagat toplumyna häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny, täzeçil usullary giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatynyň häkimlerine Mary hem-de Ahal welaýatlarynda bar bolan Ak öý binalarynyň gurluşygy boýunça taslamalary taýýarlamagy tabşyrdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň dabaralanmagynda we türkmen halkynyň binagärlik usullary bilen häzirki zaman tejribeleriniň utgaşdyrylmagynda möhüm ähmiýeti bardyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, sebitiň senagat düzümini ösdürmek, durmuş üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi we bu babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly we ýokary hil derejesinde geçirilmelidigini, onuň üstünlikli jemlenmeginiň ykdysadyýetimiz üçin bähbitli bolşy ýaly, geljekki bol hasylyň girewidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň döwrüň talabyna we ruhuna laýyk derejede ösdürilmelidigini, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmalydygyny aýdyp, bu işleriň hemmetaraplaýyn esasda dowam etdirilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Aýratyn-da, şanly seneler mynasybetli gurlup, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, dürli maksatly binalaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmeginiň we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda we milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeli ýagdaýda ösdürilmelidigini, amala aşyrylýan giň möçberli çäreleriň mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirilmelidigini belläp, bu babatda maslahata gatnaşyjylara degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu gün açylýan Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisinde öňki umumymilli forumlarda bolşy ýaly, möhüm çözgütleriň kabul edilýändigini belläp, bu gezekki umumymilli maslahatyň dowamynda hem ilimiz, ýurdumyz üçin bähbitli oňyn kararlaryň kabul ediljekdigini, olaryň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belledi we maslahatyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.
...Ajaýyp binanyň içinde aýratyn dabaraly ýagdaý, agzybirlik we ruhubelentlik derejesi emele geldi. Bu ýere Watanymyzyň ähli künjeklerinden wekiller ýygnandylar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz zalyň sahnasyna geçdi we türkmen jemgyýetiniň halk häkimiýetliligi esaslaryna ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolan köp sanly maslahata gatnaşyjylary we myhmanlary gutlady.
Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygynyň giňden we dabaraly ýaýbaňlandyrylýan günlerinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasynda bina edilen ak öýde Ýaşulularyň maslahatynyň nobatdaky mejlisine jemlendik diýip, söze başlady.
Bu gezekki mejlise halk arasynda uly hormatdan peýdalanýan ýaşulular, Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, daşary ýurtlaryň biziň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda dürli pudaklaryň edaralarynyň we kärhanalarynyň köp sanly işgärleri, ak gyňaçly eneler bar.
Dabaraly pursat gelip ýetdi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaşulular maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisini açyk diýip yglan edýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Umumymilli foruma gatnaşyjylaryň hemmesi oňa ruhubelentlik bilen goşulýarlar.
Milli Liderimiz Ýaşulular maslahatynyň prezidiumyna saýlanan agzalaryny öz ýerlerine geçip oturmaga çagyrýar.
Mejlisiň başynda döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylary we ähli watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, uly üstünlikler, edermen türkmen halkyna bolsa bagt hem-de abadançylyk arzuw etdi. Goý, ýokary depginler bilen öňe barýan mähriban Watanymyz hemişe güllesin! Goý, mähriban halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baýramçylyklaryny we dabaralaryny ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşylasyn! — diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň mejlisiň gün tertibi bilen tanyşmaklary üçin mümkinçiligiň döredilendigini belläp, şu gün ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler boýunça teklipleriň ýa-da bellikleriň bardygy bilen gyzyklandy.
Maslahata gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamagy netijesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibiniň tassyklanýandygyny yglan edýär.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň maslahata gatnaşyjylaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyşy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary mübärekläp we hemmeleri Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň şanly wakasy bolan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly ýaşululara, myhmanlara hem-de ildeşlerimize iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Şu günki umumymilli forum berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň giňden we dabaraly baýram edilýän 26 ýyllyk senesiniň öň ýanynda geçirilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyz bolsa, biziň belent buýsanjymyzdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Türkmenistan — parahatçylyk söýüji döwlet. Biz dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklarymyzy birek-birege hormat goýmak esasynda alyp barmaga çalyşýarys. Halkara gatnaşyklarynda oňyn bitaraplyk syýasatyny gyşarnyksyz berjaý edýäris.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýy, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edildi. Soňra bolsa onuň degişli Rezolýusiýalary bilen goldanyldy. Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz dünýä bileleşiginiň bu Rezolýusiýasyny öz Esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwletdir. Şoňa görä-de, biz bu taryhy Rezolýusiýa aýratyn ähmiýet berip, ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasy ýörelgelerini Konstitusiýamyzda anyk beýan etdik. Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplygyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Türkmenistan oňyn bitaraplygyň esasy ýörelgelerini goldanmak bilen, diňe bir mähriban halkymyzyň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbitleri üçin hem işjeň daşary syýasaty alyp barýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Biz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary berkitmäge we yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Şonuň ýaly-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen we dünýä bileleşiginiň ýöriteleşdirilen edaralary bolan Ösüş Maksatnamasynyň, ÝUNESKO-nyň, Ilat Gaznasynyň, Çagalar Gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça Müdirliginiň ýurdumyzda ýerleşýän wekilhanalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli ösdürýäris we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýarys. Şeýle hem bu abraýly halkara guramanyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýäris — diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi. 2017-nji ýylyň 19-njy aprelinde bolsa, biziň Bitarap döwletimiz bu guramanyň Çagalar Gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2018—2020-nji ýyllar üçin agzalygyna we Zenanlaryň hukuk ýagdaýy boýunça Komissiýasynyň 2018—2022-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlandy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi.
Möhüm wakalaryň hatarynda şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Komissiýasynyň mejlisinde bu guramanyň ösüşiň bähbitlerine Ylym we tehnika boýunça Komissiýasyna 2017—2020-nji ýyllar, Ilat hem-de ösüş boýunça Komissiýasyna 2016—2020-nji ýyllar, şeýle hem Durmuş ösüşi boýunça Komissiýasyna 2017—2021-nji ýyllar üçin saýlanmagyny bellemek bolar.
Garaşsyz döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde ählumumy kiber howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine düýpli çemeleşmegi teklip etdi.
«Aziada — 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresiniň jemleýji Jarnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Bu resminama esaslanyp, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň howandarlygynda bedenterbiýe hem-de sport boýunça jogapkär ministrleriň we ýolbaşçylaryň ýedinji halkara maslahatyny geçirmegi göz öňünde tutýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Şu ýyl biziň ýurdumyz Energetika Hartiýasynyň Halkara Konferensiýasyna başlyklyk edýän döwletiň borçlaryny hem ýerine ýetirýär. Biziň ýurdumyzyň şeýle abraýly halkara guramalaryna saýlanmagy Bitarap döwletimiziň bütin adamzadyň bähbitleri üçin hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüji syýasatyna halkara bileleşiginiň hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini aýdyň görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kanunçylyk taýdan berkidilen bitaraplyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolup galmak bilen, biz geljekde hem akgöwünlilik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp bararys. Bu syýasat bolsa, diňe bir milli bähbitlerimize däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine-de, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna hem doly laýyk gelýär. Şoňa görä-de, biz Garaşsyz Watanymyzyň halkara giňişliginde tutýan ornuny pugtalandyrmak üçin geljekde hem hemmetaraplaýyn tagallalary ederis.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ösüşiniň ykdysady görkezijilerine şu ýylyň 9 aýynyň jemlerine bagyşlanyp, ýaňy-ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seredilendigini aýdyp, foruma gatnaşyjylaryň ünsüni amala aşyrylýan döwlet strategiýasynyň esasy meselelerine çekdi.
Biz ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýäris. Şu wezipelerden ugur alyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri çykarmak we özümizde öndürilýän önümleriň beýleki ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirip başladyk.
Şeýle hem elektron senagatyny döretmek boýunça Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmaga girişdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Bu maksatnamalary ýerine ýetirmekde eýýäm gowy netijeleri hem gazandyk. Ýurdumyza beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň möçberi azaldy. Daşary ýurtlara iberýän önümlerimiziň möçberi bolsa artdy diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi.
Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda durmuş maksatly we inžener üpjünçilik ulgamlarynyň müňlerçe desgalarynyň gurlup, ulanmaga berlendigi, şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012—2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» çäklerinde ägirt uly halkara ähmiýeti bolan onlarça taslamalaryň amala aşyrylandygy bellenildi.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeler geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm çeşmeleriniň onlarçasy üçin düýpli esaslar goýuldy. Bu işleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi netijesinde, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etjek kuwwatly önümçilik, durmuş we inženerçilik ulgamlarynyň berk esaslaryny döretmek dowam edýär.
Transmilli gaz geçirijileriň, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, demir ýollaryň, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň, uly köprüleriň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky onlarça binalaryň we beýleki iri desgalaryň gurluşygy munuň aýdyň mysallarydyr.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümiň ortaça möçberini göz öňünde tutanyňda, Türkmenistan indi durmuş-ykdysady görkezijileri boýunça girdeji derejesi ýokary bolan ýurtlary häsiýetlendirýän umumy kabul edilen sepgitden geçdi diýip nygtady.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti, Söwda we ösüş boýunça geňeşi, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky hem-de beýleki abraýly guramalar hem Garaşsyz Watanymyzda pul-karz, salgyt-býujet, nyrh, maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýarlar.
Abraýly halkara maliýe guramalarynyň çaklamalaryna görä, ýurdumyzda 2017-nji we 2018-nji ýyllarda hem jemi içerki önümiň ýokary depgin bilen, ýagny 6,4 göterim derejede ösmegine garaşylýar. Bu bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň sentýabrynda bolup geçen 70-nji mejlisinde yglan edilen Durnukly ösüşiň maksatlarynyň köpüsiniň 2007-nji ýyldan bäri ýurdumyzda durmuşa geçirilendigini aýdyň tassyklaýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler we gazanylan üstünlikler ykdysadyýetimizi dolandyrmagyň hem-de döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň usullarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, halkymyzyň doly goldamagy netijesinde mümkin boldy.
“Häzirki döwürde biz ýurdumyzda durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen kuwwatly häzirki zaman ykdysady ulgamyň ýokary ösüşe eýe bolandygyny doly tassyklap bileris. Bu ulgam eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanýar hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçmegi göz öňünde tutýar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz çykyşynyň dowamynda Aşgabat şäherinde ýokary derejede geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şu ýylyň halkara ähmiýetli möhüm wakasy bolandygyny belledi. Biziň ýurdumyz V Aziýa oýunlaryna örän jogapkärçilikli taýýarlandy. Aşgabatda 2010-njy ýylda Olimpiýa şäherçesiniň düýbi tutuldy. Onuň gurluşygyna köp möçberde maýa goýumlary gönükdirildi. Bu ýerde gurlan desgalar Halkara Olimpiýa Komitetiniň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyryldy diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Olimpiýa stadionynyň münberini çeper keşbi bilen bezeýän ahalteke bedewiniň heýkeliniň, şeýle hem ýokary dünýä talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden gurlan Sportuň suw görnüşleri merkeziniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi hem ýurdumyzda sport desgalarynyň gurluşygyna düýpli we örän jogapkärli garalýandygyny görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynda sportuň 21 görnüşi boýunça halkara ýaryşlary ýokary derejede geçirildi. Bu ýaryşlara 65 ýygyndy toparyň türgenleri gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz döwletimiziň türgenleriniň bu oýunlarda umumy topar hasabynda has köp medal alyp, birinji orna çykmagy bizi örän begendirýär diýip belledi. “Sportda gazanan bu ajaýyp ýeňişlerimiziň mähriban halkymyzyň watançylyk duýgusyny, eziz Diýarymyza bolan buýsanjyny has artdyrandygyny aýtmaga biziň doly hukugymyz bardyr.
Bu oýunlaryň örän ýokary derejede geçirilmegi dünýäniň Olimpiýa hereketinde berkarar Watanymyzyň abraýyny öňküden-de berkitdi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany dünýä derejeli sport merkezi hökmünde ykrar etdi” diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýakyn ýyllarda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamasynyň esasy ugurlary barada durup geçdi.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda dünýäde bolup geçen käbir ykdysady we syýasy wakalar ýurdumyzyň ykdysady ösüşine belli bir derejede ýaramaz täsirini ýetirdi. Şol ýyllarda, ilkinji nobatda, dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini pese düşdi. Bu bolsa, geosyýasy ýagdaýlar, dünýä bazarlarynda uglewodorod serişdeleriniň bahasynyň peselmegi, Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlary bolan ýurtlaryň ykdysadyýetiniň durnuksyz ösmegi, erkin ýörgünli daşary ýurt pulunyň hümmetiniň üýtgemegi, gazna bazarlarynda gymmatly kagyzlaryň durnuksyz ýagdaýy hem-de beýleki sebäpler bilen baglydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Dünýä ýurtlarynda bolup geçýän bu hadysalaryň düýpli öwrenilmegi Türkmenistany 2018—2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň anyk maksatlaryna we wezipelerine düzedişleri girizmek üçin aýratyn ünsi jemlemäge mümkinçilik berdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şoňa görä-de, ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin ähli serişdelerimizi we mümkinçiliklerimizi doly peýdalanmak wezipesi öňde goýuldy. Bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny çalt depginler bilen ösdürmek bellenildi. Bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gazna biržalarynyň we gymmatly kagyzlaryň bazarynyň işini güýçlendirmek göz öňünde tutuldy.