2018-nji ýyl «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyryldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar Watanymyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelgäniň indi asylly däbe öwrülendigini aýtdy. Şu däbi dowam etdirip hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň türkmen halkynyň gadymy taryhyndaky möhüm ähmiýetini şöhratlandyrmak hakynda ilatymyzdan gelip gowuşýan köp sanly ýüztutmalary we isleg-arzuwlary göz öňünde tutup, 2018-nji ýyly «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyrmak teklip edilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy wekilleri tarapyndan goldanyldy. Ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda degişli Karar kabul edildi.