Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Sukuba Uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy giňelder
Ministrler Kabinetiniň 13-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet baştutanynyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan hünärmenleriň çagyrylmagyny göz öňünde tutýan Kararynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň çäklerinde häzirki döwürde uniwersitetde Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinden mugallymlar işleýärler. Şu okuw ýylynda ýurdumyz üçin täze ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen Ýaponiýanyň bu ýokary okuw mekdebinden ýene-de birnäçe professorlary we mugallymlary çagyrmak meýilleşdirilýär. Iki uniwersitetiň arasynda uzakmöhletleýin esasdaky netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we giňeldilmegine gönükdirilen degişli ikitaraplaýyn Şertnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.
Bilim we ylym ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, bu ugurlara dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we täzeçil usullary ornaşdyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, milli Liderimiz bu babatda ýurdumyzyň esasy we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýan Ýaponiýa bilen ýola goýulýan gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy.