HYYweÖU-niň we HGI-niň talyplary ýaşlary alyşmak MIRAI-2017 ýapon maksatnamasyna gatnaşdylar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYweÖU) we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary 4-11-nji oktýabrda MIRAI-2017-niň çäklerinde Ýaponiýa gidip geldiler. Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň goldaw bermeginde guralan halkara ýaşlar alşygy maksatnamasy dürli ýurtlaryň talyplarynyň arasynda aň-paýhas we ylmy gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir. 

Maksatnama gatnaşýanlar üçin Tokionuň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Keýo Uniwersitetinde umumy okuwlar we seminarlar gurnaldy. Sapaklaryň mowzugy Ýaponiýanyň taryhy we häzirki ösüşiniň ugurlary, onuň medeniýeti we daşary syýasaty, şeýle hem medeniýetara we halkara gatnaşyklarynyň ugry bilen tanyşdyrmagy öz içine alýardy. Dürli ýurtlaryň ýaşlary ýapon talyplarynyň gatnaşmagynda pikir alyşmalar görnüşinde alan bilimleri we täsirleri barada söhbetdeş boldular. 

Gyzykly medeni-tanyşdyrylyş maksatnamasynyň dowamynda ýurduň gözel ýerlerine, şol sanda Isukusima adasyna, Kioto şäherindäki Kinkaku-dzi we Higasi-Hongandzi ybadathanalaryna, Hirosimadaky Ýadygärlik seýilgähine gezelenç guraldy. Dürli ýurtlardan gelen talyplar tehnologik innowasiýalar barada giňişleýin düşünje aldylar, Tokionyň Milli Muzeýine baryp gördüler, Sinkansen ýokary tizlikli elektrootlusynda gezdiler, şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça Tokio merkezindäki okuw-türgenleşigine gatnaşdylar. 

MIRAI-2017 maksatnamasyna syýasat, halkara gatnaşyklary, ykdysadyýeti ugurlaryndan bilim alýan Ýewropa, Kiçi we Orta Aziýa ýurtlaryndan talyplaryň 80-e golaýy gatnaşdy. Ildeşlerimiz oňa bassyr üç ýyl bäri gatnaşýarlar, bu bolsa bilim ulgamynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň berkeýändigine şaýatlyk edýär.