ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 10-13-nji noýabry aralygynda Yaponiýanyň Tokio we Tendo şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Geçirilen Medeniýet günleri iki halklaryň medeni-ruhy taýdan ýakynlaşmagynda uly ädimleriň biri bolup, ýapon jemgyýetinde çuňňur täsir galdyrdy.

2017-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Tokio şäheriniň “Palaсe” myhmanhanasynda Yaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň, Parlamentiniň deputatlarynyň, Yokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň we professorlarynyň, kompaniýalaryň wekilleriniň hem-de beýleki ýapon jemgyýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Dabarynyň başynda myhmanlar türkmen milliliginiň, däp-dessurlarynyň gymmatlyklaryny özünde jemleýän sergä gatnaşdylar. Soňra Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Horii Manabu, Türkmen-Yapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy jenap Endo Toşiaki, Türkmenistanyň Yaponiýadaky Ilçisi we Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary ýygnananlary Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylmagy mynasybetli gutlap çykyş etdiler. Çykyşlar tamamlanandan soň Türkmenistanyň medeniýet ussatlary şowhunly konsert bilen çykyş etdiler.

2017-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri Yaponiýanyň Yamagata prefekturasynyň Tendo şäherinde dowam etdi. Tendo şäheriniň “Şimin plaza” konsertler merkezinde türkmen medeniýetiniň sergisi we konsert programmasy ýerine ýetirildi.

 2017-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Tendo şäheriniň “Sport bagy” seýilgähinde açyk howada Türkmenistanyň we Yaponiýanyň medeniýet ussatlarynyň gatnaşmagynda şowhunly konsert guralyp, Türkmenistanyň Yaponiýadaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Konsertiň dowamynda ýapon tagamlarynyň we türkmen milli tagamlarynyň taýýarlanylyşy görkezilip, gatnaşyjylara hödür edildi.

 2017-nji ýylyň 13-nji noýabryndaYaponiýanyň “Tokio” uniwersitetinde Yaponiýanyň Yokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň we talyplarynyň hem-de ýapon jemgyýetiniň gatnaşmagynda ýapon diline terjime edilen türkmeniň “Şükür bagşy” filmi görkezildi. Film ýapon jemgyýetçilik wekillerinde uly täsir galdyryp, türkmeniň parahatsöýüji, aýdym saza hormat goýýan edermen halk hökmünde aňynda galdy.