KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Şu gün, 2017-nji ýylyň 18-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maslahat geçirildi, onuň barşynda 14-15-nji noýabrda Aşgabatda geçen Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) jemleri jemlendi, şeýle-hem Owganystanyň parahatçylykly ösüşine ýardam bermek boýunça meýilnamalaýyn işi dowam etmegiň we özarabähbitli sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilnamalaryna seredilip geçdildi.

Bellenilip geçilşi ýaly, forumyň işine 37 döwletden, şeýle hem 30-a golaý halkara we sebitleýiň guramalardan, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralaryndan we düzümlerinden, iri bank-maliýe edaralarydan wekiliýetler gatnaşdy.

Iki günlik maslahatyň barşynda, Owganystany ösdürmäge ýardam bermek boýunça bilelikdäki tagallalary döretmäge degişli, energetika, ulag we kommunikasiýa, söwda, hususy telekeçilik ýaly geljegi bar bolan ulgamlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we höweslendirmek ýaly soraglara seredilip geçildi. Şeýle-hem Konferensiýanyň barşynda işewürler maslahaty, telekeçi zenanlaryň duşuşygy, bilelikdäki söwda sergisi we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi gurnaldy.

Forumyň wajyp hadysasy Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasyndaky ulag we üstaşyr hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň gol çekişligi boldy.

RECCA VII jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi, onda gatnaşyjy-döwletleriň we halkara guramalaryň sebitleýin we sebitara möçberinde geljekde özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan taýýarlyk öz beýanyny tapdy.

Aşakda Aşgabat Jarnamasynyň ýazgysy ýerleşdirilýär.

http://www.mfa.gov.tm/en/news/520