TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI SAMARKANTDA HALKARA MASLAHATA GATNAŞDY
2017-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda Samarkantda BMG-niň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça “Merkezi Aziýa: bir geçmiş we umumy geljek, durnukly ösüşiň we özara gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleri derejesinde “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly nobatdaky duşuşyk geçirildi.
Ýokarda ady agzalan halkara çärelere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredowyň ýolbaşçylyk etmeginde Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Maslahata gatnaşmak üçin sebitiň ýurtlarynyň Ddaşary işler ministrleri, BMG, ÝB, ÝHHG, ŞHG, GDA, ÝD we ÖB ýaly abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, diplomatik korpusyň wekilleri, meşhur bilermenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri – 500-den gowrak gatnaşyjy ýygnandy.
2017-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Samarkant şäherinde “Merkezi Aziýa: bir geçmiş we umumy geljek, durnukly ösüşiň we özara gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň çäklerinde biziň sebitimiziň bäş döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Bäş döwletiň Daşary işler ministrleri Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2018-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama gol çekdiler.
Ýokarda agzalan halkara çäreleriniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy R.Meredow ÝB-niň daşary işler we syýasy howpsuzlyk boýunça Ýokary wekili, Ýewropa komissiýasynyň Wise-prezidenti hanym Federika Mogerini bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy, ykdysady we söwda ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen wekiliýetiniň Samarkant şäherine sapary wagtynda R.Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Rabbani, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Abdyldaýew we GazagystanRespublikasynyň Daşary işler ministri K.Abdyrahmanow bilen duşuşyklary gurnaldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga, şeýle hem Merkezi Aziýada we onuň çäklerinde durnuklylygy we howpsuzlygy goldamaga aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, halkara maslahatyň işiniň çäklerinde Samarkant şäherinde Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda üç döwletiň döwlet serhetleriniň kesişýän nokadynyň ýeri hakyndaky Şertnama we Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşygy (2017-nji ýylyň 6-njy martynda Aşgabat şäherinde ýokary derejede gol çekilen) tassyklamak we ynanç hatlaryny alyşmak boýunça Resminama gol çekildi.