Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň awtomobil sporty merkezine bardy
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde ýerleşýän awtomobil sporty merkezine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz häzirki zaman ýaryş awtoulaglaryny synlady. Täze awtoulaglaryň IIM-niň garamgyndaky Awtosport merkeziniň ygtyýaryna gelip gowşandygy barada içeri işler ministri I.Mulikow Howpsuzlyk geňeşiniň düýn geçirilen göçme mejlisinde habar berdi, ol döwlet Baştutanymyza bu topluma baryp görmek hem-de täze awtoulaglary gözden geçirmek baradaky haýyş bilen ýüz tutdy.
Türkmenistanyň awtomobil sporty merkezi 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda açyldy we şonda bu toplumda ilkinji ýaryşlar geçirilip, oňa döwlet Baştutanymyz gatnaşdy.
Biziň hemmämiz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň rowaçlygy alamatlandyrýan ýedinji belgili awtoulagda ajaýyp netijeleri görkezendigini bilýäris. Ýeri gelende aýtsak, döwlet Baştutanymyz ýetginjeklik ýyllary awtomobil sporty bilen meşgullanypdyr we şol wagt hem “7” belgili awtoulagda ýaryşlara gatnaşypdy.
Milli Liderimiz şeýle belgili “Alfa Romeo” ýaryş awtoulagynda awtomobil sporty merkeziniň açylyşynda haýran galdyryjy ussatlygy, sport awtoulagyny dolandyrmagyň ýokary derejesini, ýeňşe bolan okgunly erki ýene bir gezek görkezip, ussat awtoulag türgeni bilen bäsleşikde ýeňiş gazanypdy.
Bu Merkeziň şeýle ajaýyp wakalara beslenip işläp başlamagy ýaşlaryň arasynda tiz uly meşhurlyga eýe bolmagyna, sportyň bu tehniki görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagyna ýardam berdi. Sportyň bu görnüşi bilen meşgullanyp başlanlaryň ählisi, şeýle hem awtomobil sportunyň ussatlary täze sport üstünliklerini gazanmak üçin iň gowy şertleriň döredilýändigine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan edýärler.
Şol wagtdan bäri Awtomobil sporty merkezinde köp ýaryşlar, şol sanda milli derejede çempionatlar geçirildi, Merkeziň düzümleri ösdürildi, maddy –enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy, sport awtoulaglarynyň täze tapgyry gelip gowuşdy. Bu ýerede “Volkicar”, “Renault”, “Mitsubishi Lancer”, “Alfa Romeo” ýaly sport awtoulaglary, şeýle hem karting bäsleşikleri üçin kiçi bolidler, kwadrasikller we beýlekiler bar.
Milli Liderimiz Merkeze şu gezekki baryp görmeginiň dowamynda täze awtoulaglary synlady, olaryň tehniki häsiýetnamalary, ulanyş we hyzmat ediş aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň geljekde hem awtomobil sportunyň ösdürilmegine goldaw berjekdigini, bu ýerdäki awtoulaglaryň üstüni täze häzirki zaman awtoulaglaryň nusgalary bilen ýetirjekdigini aýtdy.
Milli Liderimiz diňe bir ýaşlary däl, eýsem, ilatyň giň köpçüligini işjeň çekmek arkaly bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty wagyz etmegiň we ösdürmegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek belledi.
Döwlet Baştutanymyz “nusgawy” we häzirki zaman düzümlerini: dürli görnüşli, şol sanda tizligi peseltmek üçin öwrümleri we beýlekileri özünde jemleýän halkaly ýoluň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýoluň derejesi bu ýerde iri halkara ýaryşlaryny geçirmäge hem mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz tehniki zolagyň, howpsuzlyk ulgamlarynyň enjamlaşdyrylyşyna aýratyn üns berdi.
Döwlet Baştutanymyz awtodromda täze gelip gowşan ýaryş awtoulaglarynyň birini sürüp, onuň hereketlendirijisiniň kuwwatyny, hereket çeýeligini, tizligi artdyrmak mümkinçiliklerini, çalt saklanmak, sürüji üçin amatlylyk şertlerini synagdan geçirdi.
Sagdyn we sport bilen meşgullanmak durmuş ýörelgesine üýtgewsiz eýerýän hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi gürrüňsiz suratda ildeşlerimiziň müňlerçesini, ýaşlary spor bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar.
Milli Liderimiziň ýokary tizlikli sport awtoulaglaryna erk etmekde görkezýän ussatlygyna haýran galmak bilen, ýetginjekleriň köpsanlysy ýaryş awtoulaglaryna şunuň ýaly erk etmegi ele almaga höwes edýärler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny goramak boýunça döwlet syýasaty bilen baglylykda, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça umumymilli spartakiadalar geçirilýär, olara welaýatlar, ministrlikler we pudak edaralary, okuw edaralary gatnaşýarlar. Ýurdumyzda nobatdaky spartakiada golaýda badalga aldy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek däbe öwrüldi, döwletimiziň goldaw bermegi bilen, sport düzümleri giňeldilýär.
...Döwlet Baştutanymyz sport awtoulagynda Türkmenistanyň Awtomobil sporty merkezinde birnäçe öwrüm etdi. Bu merkeziň döredilmegi ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda soňky ýyllarda giňden ýaýrap başlan görnüşleri bilen meşgullanmagyň uly meşhurlyga eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň awtomobil sportunyň öňünde uly mümkinçilikler açylýar. Bu işde döwlet Baştutanymyzyň şahsy hyzmatlary örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns bermegi netijesinde türkmen awtosportunyň maddy-enjamlaýyn binýady täzelendi hem-de giňeldildi. Ýokary tizlikli sport awtoulaglarynyň täze kysymlary satyn alyndy. Munuň özi ýaşlaryň sportuň şu görnüşi bilen köpçülikleýin meşgullanmagyny, sport awtoulaglaryny sürüjileriniň we olaryň tälimçileriniň ussatlygynyň ýokarlanmagyny şertlendirdi. Şunuň bilen birlikde, munuň özi ýurdumyzda halkara merkeziň döredilmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Şol merkezde awtomobil sporty boýunça ýaryşlar geçirilip bilner.
Häzirki wagtda Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurt hökmünde öz ornuny gaýtadan dikeldýär, bu ýol gadymyýetde ýurdumyzyň çäklerinden geçipdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Adamzat siwilizasiýasynyň täsin gudratynyň birine öwrülen bu taryhy ýol täze görnüşde diňe bir döwletleriň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny däl-de, olaryň medeni, ynsanperwerlik, şeýle hem sport ulgamyndaky arabaglanyşygyny alamatlandyrýar. Muňa şu ýyl üstünlikli geçirilen “Aşgabat 2017” oýunlary aýdyň mysal bolup biler, bu oýunlara diňe bir Aziýa we Okeaniýa ýurtlaryndan 64 topar, bosgun türgenler däl-de, eýsem, dünýäniň ähli künjeginden žurnalistler, tomaşaçylar we syýahatçylar gatnaşdy.
Milli Liderimiz bu gürrüňi dowam etmek bilen, I.Mulikowa Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça häzirki zaman ýaryş awtoulaglarynda halkara ýaryşlaryny guramak we geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu barada tabşyryk bermek bilen, Amuldan Hazara çenli geçiriljek awtoralli ýaryşynyň badalga we pellehana nokatlaryny kesgitledi. Amyderýanyň ýa-da ozalky döwürlerde Jeýhun diýlip atlandyrylan bu derýanyň kenaryndaky we Hazar deňziniň kenaryndaky şäherleriň bu taryhy atlary bizi beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň “Jeýhun bilen Bahry Hazar arasy...” diýen meşhur şahyrana setirlerini ýatladýar.
Bu awtorally ýaryşyna gatnaşyjylar diňe bir türkmen halkynyň taryhy mirasyna aralaşmak bilen çäklenmän, bu ady rowaýata öwrülen künjeklere düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki ösüş hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň senagatlaşdyrylmagy bilen täze durmuşyň gelendigini görüp bilerler.
Türkmenistanyň eýýäm şeýle iri möçberli sport çäräni geçirmek başlangyjy bilen çykyş edendigini hem-de taslamanyň guramaçylarynyň biri hökmünde ony mynasyp durmuşa geçirmek bilen dünýä bileleşigine parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde özüni ýene bir gezek görkezendigini bellemek gerek.
Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ýüpek ýoly –2009” ralli ýaryşyny geçirmek baradaky teklibini Russiýanyň we Gazagystanyň Liderleri golladylar. Netijede bu taslama üç dostlukly döwletiň we doganlyk halklaryň okgunly ösýän gatnaşyklarynyň taryhyna aýdyň sahypa bolup ýazyldy. Ýeri gelende aýtsak, şol ýaryşlarda türkmen topary “KAMAZ”-da çykyş edip, oňat netije görkezipdi.
“Ýüpek ýoly –2009” halkara awtomobil sportunyň ösdürilmegine, dünýä halklarynyň üýtgewsiz umumadamzat taglymlarynyň daşynda jebisleşmegine ýardam berýän dünýä ähmiýetli waka hökmünde bu ägirt uly taslamanyň guramaçy ýurtlarynyň çäkleriniň daşynda hem belent baha eýe boldy.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmezinden ozal türkmen Lideriniň hut özi ýaryşlaryň geçjek ýoluny synagdan geçirip, ony abadanlaşdyrmak we aýry-aýry böleklerini çekmek boýunça maslahatlary berdi. Şol wagt hem hormatly Prezidentimiziň hut özi bu ýolda ralli ýaryşlaryna gatnaşýan türkmen topary üçin gelip gowşan täze “KAMAZ”-lary synagdan geçirdi, bu ýaryşlara “Dakar” tapgyrynyň derejesi berildi.
Onuň ugurlarynyň umumy uzynlygy, üç ýurduň – Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçip, 4,5 müň kilometre deň boldy, bu uzynlygyň ýarysyna golaýy – 2100 kilometri Balkan welaýatynyň sähralyklaryny hem-de Garagum çölüniň çäge aňňytlyklaryny öz içine alyp, Türkmenistanyň çäginden geçýär.
Indi bolsa döwlet Baştutanymyzyň awtoulag sporty boýunça iri halkara ýaryşlaryny guramak baradaky başlangyjy bu ulgamda köp sanly gyzyklanma bildirýän taraplaryň çekilmeginde başlanan işleriň dowam etdirilmegine uly itergi berer. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçiriljek geljek ýylda şeýle ýaryşlaryň aýratyn ähmiýetini belledi.
Okgunly ösýän türkmen döwletiniň batly gadamlaryny ahalteke bedewiniň bady bilen deňeşdirýärler. Häzirki wagtda bu hatara ýokary tizlikli awtoulaglary, polat ýollar bilen gadam urýan demir ýol ulagyny, kuwwatly deňiz gämilerini hem-de Türkmenistanda jahanyň dürli künjeklerine uçuşlarynyň gerimini giňeldýän ak laçyn uçarlary hem goşmak bolar. Şeýle deňeşdirme hakykatdyr.
Türkmenistan ozal görlüp-eşdilmedik tizlikde halkara gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmak bilen ählumumy we sebit meselelerini çözmekde ygtybarly we öňden görüji hyzmatdaş hökmünde dünýä syýasatynda mynasyp orny eýeleýär. Muny geçen hepdede Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygy Konferensiýasynyň 7-nji maslahaty (RECCA VII) hem tassyklady. 28-29-njy noýabrda türkmen paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän 2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlyklyk edýän Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň çäklerinde geçiriljek duşuşyk hem munuň ýene bir subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ösüşiniň baş maksadynyň her bir raýatyň abadançylygy bolup durýandygyny yglan etmek bilen, oňyn özgertmeler giňişligine ýurdumyzyň adamlarynyň saglygy bilen, olaryň okamagy hem-de dynç almagy, sport bilen megşullanmagy üçin doly derejeli şertleri döretmek bilen bagly ähli zatlary çekýär. Ýurdumyzda saglygyň häzirki zaman düzümleriniň kemala gelmegi hem şu maksada gönükdirilendir, diňe bir lukmançylyk edaralaryndan başga-da, bu düzümler şypahana –dynç alyş we sport ulgamyny özüne birleşdirýär. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda emele gelýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy hem munuň ajaýyp nusgasydyr, bu ýerde häzirki wagtda eýýäm ýaht-klublar, sport toplumlary guruldy. Golf-meýdançalaryň, şeýle hem awtodromyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
Irki çagalyk ýaşyndan başlap, beden taýdan berk ýaş nesliň terbiýelenip ýetişdirilmegi möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Munuň üçin zerur şertler – täze bilim edaralary we çagalar baglary guruldy we gurulýar, olar Türkmenistanyň ähli şäherlerinde we etraplarynda bina edilýär. Olarda iň täze türgenleşik abzallarynyň, gimnastika zallarynyň, basketbol, futbol we woleýbol meýdançalarynyň, tennis kortlarynyň, suw howdanlarynyň gurnalmagy hökmany talap bolup durýar.
Gökdere jülgeçinde hem-de ähli welaýatlarda, deňiz kenarynda bina edilen çagalar sagaldyş merkezleri işjeň dynç alyş üçin ajaýyp şertlere eýedir. Olimpiadalaryň we beýleki iri halkara ýaryşlarynyň geljekki gatnaşyjylary üçin paýtagtymyzda Merkezi Aziýada iň iri sport desgalaryna häzirki döwürde bildirilýän talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylan toplum – Olimpiýa şäherjigi döredildi. Bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça islendik, şol sanda halkara derejeli ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilendir.
Mälim bolşy ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary 245 medal gazandy, olaryň 89-sy altyn medallardyr. Türkmen turgenleri şeýle ýokary netijeleri öň hiç wagt gazanmandy. Şu üstünliklerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary örän uludyr. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen sporty öz ösüşinde hil taýdan täze derejä çykyp, dünýäniň görkezijisinde köp ugurlar boýunça ynamly öňe barýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli awtosportyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyz diňe bir sportuň bu görnüşiniň hakyky tarapdary bolmak bilen çäklenmän, sport awtoulagyna ussatlyk bilen erk etmegi başarýan ajaýyp türgendir. Ýakyn wagtlarda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ähli welaýatlarda häzirki zaman awtodromlar gurlar, türkmen türgenleriniň ýokary sport derejeli awtomobil ýaryşlaryna üstünlikli gatnaşmagy eýýäm häzirki wagtda bize täze ýeňişlere umyt baglamaga esas döredýär.
...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtodroma baryp görmeginiň çäklerinde ýurdumyzda sporty işjeň ösdürmek üçin degişli düzümleriň işini sazlaşykly üpjün etmek babatda egindeşlerine birnäçe tabşyryklary berdi hem-de olara işinde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.