Türkmenistanyň Mejlisi 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetini kabul etdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, ýigrimi bäşinji maslahaty geçirildi. Onda birnäçe täze kanunlar we kadalaýyn-hukuknamalar kabul edildi. Maslahata gatnaşmaga hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Gün tertibine laýyklykda «Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem-de «Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy parlamentarileriň garamagyna çykaryldy.

Mälim bolşy ýaly, oktýabrda geçirilen Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň 2018-nji ýylň üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda göz öňünde tutuljak durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlary barada aýdyp, pudaklary depginli ösdürmegiň hem-de ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna okgunly, durnukly ykdysady ösüşi gazanmagyň baş maksadymyz bolup durýandygyny nygtady. Şular nazara alnyp, halkara we sebit ähmiýetli iri, aýratyn möhüm maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýan özgertmeler dowam etdiriler.

Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry raýatlarymyzyň durmuş abadançylygyny, hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şundan ugur alnyp, geçen ýyllarda bolşy ýaly, 2018-nji ýylda-da durmuş syýasatynyň ilatyň ýaşaýşynyň hiliniň we derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilmelidigini belledi. Anyk işleriň hatarynda saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň hem-de hyzmat ediş ulgamyna degişli işleriň beýleki görnüşleriniň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasynda adam mümkinçiligini artdyrmak üçin şertleriň döredilmelidigi kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda durmuş ulgamyny maliýeleşdirmegiň möçberleri ilatyň girdejileriniň ýokarlanmagyny üpjün etmegiň hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösüşine, maliýe we durmuş durnuklylygyna esaslanan ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 75-80 göteriminden az bolmaly däldir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem eneligi we çagalygy döwlet tarapyndan goramak boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Zähmet serişdelerini netijeli doldurmak hem-de zähmet bazary, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukugyny ýerine ýetirmek üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleri çözmek babatda çäreleriň maliýeleşdirilmegi Döwlet býujetinde uly orun tutmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň şu maslahatynda 2018-nji ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmek babatda ugur alnan esasy ýörelgelere we çemeleşmelere degip geçip, çykyş edenler onuň girdejili böleginiň döredilişiniň aýratynlyklaryna, geljek ýyl üçin göz öňünde tutulan ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüşiň görkezijilerine aýratyn ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, bu maliýe-hukuk resminamasy taýýarlanylanda ähli pudaklar boýunça uly seljeriş işleri geçirildi, döwlet Baştutanymyzyň aýdan bellikleri hem-de anyk teklipleri göz öňünde tutuldy.

Umuman, 2018-nji ýylyň Döwlet býujetiniň girdejileri 95508,5 million manada barabar bolar, çykdajylar hem şonça möçberde meýilleşdirilýär. Býujetiň girdeji bölegi, esasan önümçilik ulgamynyň nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk we beýlekiler ýaly möhüm pudaklaryň hasabyna emele getiriler. Şeýle hem oba senagat toplumy, ulag we aragatnaşyk pudagy, dokma we azyk senagaty mundan beýläkki depginli ösüşine eýe bolar. Ýurdumyzda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, şol sanda sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan we daşary ýurtlara ugradylýan önümleriň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmak, ykdysadyýetiň hususy ulgamyny pugtalandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan uly möçberli döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi – bularyň ählisi-de, umuman, býujetiň girdejileriniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün eder.

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň köp bölegi durmuş ulgamyna, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlaryny, döwletiň durmuş taýdan üpjün ediş ulgamyny, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdirilýär. 
Munuň özi baş maliýe resminamasynyň, däp boýunça, durmuş ugurlylygyny saklaýandygyna hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Iri möçberli milli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny gurmak, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmak, durmuş-medeni ähmiýetli, senagat we ulag-aragatnaşyk düzümlerine degişli möhüm desgalary bina etmek üçin uly möçberli maýa goýumlar göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, işgärleriň zähmet iş hakynyň, şeýle hem pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 10 göterim ýokarlandyrylmagy üçin serişdeler meýilleşdirildi.

Ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan «Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun biragyzdan kabul edildi. Parlamentariler şeýle hem «Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň kabul edilmegine biragyzdan ses berdiler.