Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Bitaraplygyň hallkara güni mynasybetli press brifing geçirdi

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Bitaraplygyň halkara güni” baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, Halkara Bitaraplyk gününi bagyşlanyp wagyz-düşündiriş işlerini geçirmek maksady bilen 2017-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Ýaponiýanyň “Mainichi”, “Dentsu”, “Fuji television network inc.”,  “The Tokyo shimbun” ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, “Japan-Eurasia” jemgyýetçiliginiň wekilleriniň we Tokio uniwersitetiniň professorlarynyň gatnaşmagynda Bitaraplygyň halkara gününe we ýurdumyzyň alyp barýan bitaraplyk syýasatyna bagyşlanyp press brifing geçirildi. Brifingiň barşynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi tarapyndan ýurdumyzyň garaşsyzlygyny alandan bäri özüniň bitaraplygyna eýe bolýança eden ädimleri, türkmen bitaraplygynyň taryhy we wajyplygy, häzirki döwürde sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy saklamakda öňe sürýän başlangyçlary hakynda jikme-jik düşündiriş berildi. Bu işleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň tagallalary we Birleşen Milletler guramasynyň goldawynyň esasy bolup durýandygy aýdylyp geçildi. Şeýle hem Türkmenistanda Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň  sebit merkeziniň açylmagy we 12-nji dekabryň “Bitaraplygyň halkara güni” diýilip yglan edilmegi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen dünýä ýurtlary tarapyndan goldaw tapandygynyň aýdyň nyşany bolup durýandygy barada mälim edildi.