ÝUNESKO “KÜŞTDEPDI” MILLI SUNGATYNYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ REPREZENTATIW SANAWYNA GIRIZILMEK BARADAKY ÇÖZGÜDI KABUL ETDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gatnaşyjylara ýüzlenip, aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilendigi baradaky hoş habary aýtdy.
Bu çözgüt 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi.
Bu çözgüt umumadamzat medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň milli medeniýetiniň ägirt uly ähmiýetiniň ykrarnamasydyr. Küştdepdi halk döredijiliginiň köpöwüşginli nusgasy bolmak bilen, milletiň taryhy-medeni däp-dessurlaryny we ruhy tejribesiniň sazlaşygyny şöhlelendirýär hem-de geçen döwürleriň ýörelgelerini we häzirki zamanyň döredijilik energiýasynyň sazlaşygynyň aýdyň mysaly bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary we türkmenistanlylaryň ählisini bu şanly waka bilen gutlap, milli medeni mirasymyzy mundan beýläk-de giňden wagyz etmek boýunça çäreleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtady.