ÖSÜŞ MAKSADY BILEN 2016-2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNYŇ MILLI DOLANDYRYŞ WE UTGAŞDYRYŞ TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY
2017-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň duşuşygy boldy.
Duşuşygyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Hemişelik utgaşdyryjysynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Bütindünýä saglyk guramasynyň, BMG-niň ilat gaznasynyň Türkmenistanda akkreditirlenen wekilleri we ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we edaralaryň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň açylyşynda Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa giriş sözleri bilen çykyş etdiler.
Soňra Ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň ýetilen sepgitleriniň netijeleri boýunça toparlaryň ýolbaşçylarynyň “Ýokary hilli maglumatlar we ösüşiň monitoringi”, “Ýokary hilli inklýuziw sosial hyzmatlar”, “Ekologiki durnuklylyk we energonetijelilik”, “Iş bilen üpjünçilik, ykdysady diwersifikasiýa we söwda”, “Kanunyň dolandyrlyşy we hökmürowanlygy” atly tanyşdyryş çykyşlary boldy we 2018-nji ýyl üçin bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň wekilleri Ösüş maksatlary üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň matrisalarynyň netijelerine girizilmegi teklip edilýän üýtgetmeler barada pikir alyşdylar.