TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY DÖWLET WE HUKUK INSTITUTYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 10 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT

2017-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Adalat köşgüniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri, ministrlikleriň we pudak edaralaryň hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara iberen  döwletiň we konstitusion gurluşyň ynsanperwer gymmatlyklarynyň, raýatlaryň syýasy, durmuş we ykdysady hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilmeginiň ähmiýeti nygtalýan Gutlag haty okaldy.

Maslahata gatnaşyjylar soňky ýyllarda Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda milli hukuk ulgamynyň  mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine we onuň umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny bellediler.

Çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda milli hukuk ulgamy kemala gelendigini, onuň gurluş esasyny şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwlet özygtyýarlylygyny goramak, halkara gatnaşyklarynda milli bähbitleri üpjün etmek maksadynda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk kadalaşdyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksatlaryna gönükdirilen ugry düzýändigini nygtadylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.