«RAI TRE» TÜRKMENISTANY 2018-NJI ÝYLDA “SYÝAHATÇYLYK ÜÇIN IŇ GOWY ÝER” DIÝIP YGLAN ETDI

Italýan teleýaýlymy «Rai Tre»-niň tomaşaçylardan geçiren soraglarynyň netijesinde 2018-nji ýylda syýahatçylyk üçin iň gowy ýerler kesgitlenildi. ORIENT.tm habarlar agentliginiň habar bermegine görä Türkmenistan soraglaryň '' Taryh'' ugry boýunça öňdeligi eýeledi. Habar berlişine görä, dünýäniň dürli ýurtlaryna baryp gören syýahatçy tomaşaçylaryň pikirleri teleýaýlym tarapyndan dünýäniň meşhur ýerlerinde ýazgy edilen  syýahatçylyk we jahankeşdelik hakyndaky köpsanly teleýazgylardan soň öwrenildi.

Bellemeli zatlaryň biri, Türmenistanda taryh bilen gyzyklanýan adamlar üçin syýahat etmäge köpsanly taryhy ýerler bar. Türkmenistanyň iň bir özüne çekiji taryhy ýadygärlikleriniň hatarynda ''türkmen Stounhenji'' diýip atlandyrylýan Altyn-depe şäheri bar. Gadymy şäher taryhçylar tarapyndan bürünç asyryna degişli edilýär  ( b.e.öňki 2300-1900 ý). Bu ýerde syýahatçylar elamdan we şumerden ozalky “ýazuw ýadygärliklerini” ýatladýan gadymy halklaryň piktogrammalary bilen tanşyp bilýärler. 

Syýahatçylarda esasan gadymy Parfiýanyň şäherleri, aýratyn-da, onuň medeni paýtagty Gadymy Nusaý uly gyzyklanma döredýär. Beýik Margiananyň şäherleri we galalary hem syýahatçylary biparh goýmaýar.  Hut şu toprakda ilkinji gezek grekler we rimliler hytaýlylara duşupdyrlar. Bu ülkede b.e.öňki 53-nji ýylda Karry uruşynda ýeňilen rim serkerdesi Krassyň goşunlary gaçyp gutulypdyrlar.

Türkmenistanyň gündogarynda hem orta asyr taryhy ýadygärlikleri agdyklyk edýär. Şol ýyllarda bu ülkelere medeniýetiň we ylmyň ösüş derejesi boýunça taý tapylmandyr. Gadymy şäherler we Il-Arslanyň, Tekeşiň, Törebeg hanymyň aramgähleri, Gutlug-Timuryň minarasy, Astana-Babanyň aramgähleri jahankeşdeleri öz döwrüne gaýybana syýahata alyp gidýär.

Edil bir aý mundan ozal, birinji dekabrda Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ylmy-barlag işlerini we taryhy-medeni ýadygärliklerini gazyp-agtarmak we medeni mirasy dikeltmek boýunça döwlet Maksatnamasynyň kabul edilendigini bellemelidiris.