Türkmenistanyň Mejlisi “Ulag howpsuzlygy hakynda”, we “Telewidenie we radiogepleşikler hakynda” kanunlary kabul etdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi altynjy maslahaty geçirildi, onda täze kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata ýurdumyzyň Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, “Ulag howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna hödürlenildi. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, 2018-nji ýyl “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçer. Bu çözgütde çuňňur many bar. Gadymy döwürlerde ýurdumyzyň çäginden Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň arasynda söwda hem-de medeni hyzmatdaşlyk ugurlary hökmünde ykrar edilen köpsanly kerwen ýollary geçipdir.
Täze taryhy eýýamda ulag ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, ulag ulgamynyň döwrebap düzümleriniň döredilmegine gönükdirilen birnäçe maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli amala aşyrylýar.
Halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hem-de syýahatçylygyň işjeňleşdirilmegi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmegi Türkmenistanda goňşy döwletler bilen bilelikde amala aşyrylýan iri halkara we sebitara taslamalaryň durmuşa geçirilmegini şertlendirýär. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran hem-de Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýollary, Aşgabatdaky we welaýatlardaky howa menzilleri, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, Amyderýanyň üstünden geçýän köpriler, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz menzili we ulanylmaga berlen hem-de häzirki döwürde gurluşygy alnyp barylýan beýleki möhüm desgalar halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky özara peýdaly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlary dünýä bileleşiginiň ählumumy goldawyna we ykrarnamasyna eýe bolýar. Bu teklipleriň möhüm ähmiýetiniň bardygy gürrüňsizdir. Çünki ulag pudagy dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňeçerligine oňyn täsiri bolan hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň tassyklan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýeleýän dünýä ykdysadyýetiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçen ýylyň dekabrynda geçirilen 72-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen “Durnukly ösüş boýunça maksatlara ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek” atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň täze Kanunynyň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. Ol ulaglaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk hem-de ykdysady esaslaryny kesgitleýän, ýagny ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär hem-de bu ugurda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirýär.
“Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Aýratyn-da, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň häzirki döwründe teleradiogepleşiklere möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, şol sanda milli telewideniýäniň we radionyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Aşgabatda teleradio ýaýlymlaryň döredijilik toparlarynyň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän Teleradio merkeziniň ajaýyp binalar toplumynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52o E” ilkinji hemra aragatnaşygynyň işe girizilmegi ýurdumyzda telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi we alnyp eşitdiriliş, aragatnaşyk hem-de Internet ulgamyndaky häzirki zaman hyzmatlarynyň görnüşleriniň artmagyna kömek etdi. Häzirki döwürde “BSS” hemra ýaýlymy Türkmenistanyň teleradio ýaýlymlarynyň maksatnamalaryny ýaýradýar. Dürli döwletleriň kompaniýalary bilen telewizion ýaýlymlary ulanmak hakyndaky ylalaşyklara gol çekildi.
Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişldeleriniň işiniň häzirki döwrüň talaplaryna we döwletiň jemgyýetçilik- syýasy, demokratik ösüşiniň wezipelerine laýyk gelmelidigi bellenildi. Ýurdumyzyň telewideniýe hem-de radioýaýlymlarynyň işgärleri özleriniň taýýarlaýan gepleşiklerinde döwletimiziň durmuşynyň täze we öňdebaryjy işlerini giňden wagyz etmelidirler hem-de adamlary tolgundyrýan meseleleriň oňyn çözgüdini tapmalydyrlar. Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, Garaşsyzlyk ýyllary içinde Watanymyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerini we ýeten derejesini dünýäde wagyz etmek işlerine aýratyn üns bermelidir.
Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serşdeleriniň işiniň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek esasy ugur bolup durýar. Türkmenistanda telewideniýäniň we radioýaýlymlaryň işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady hem-de durmuş esaslaryny kesgitleýän, Türkmenistanyň çäginde telewideniýe we radiogepleşikler babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän Kanunyň işlenip taýýarlanylmagy hem-de kabul edilmegi bu ugurda ädilen möhüm ädimi alamatlandyrýar.
Soňra deputatlar “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek we olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, etraplary we şäherleri giňeltmek hem-de olaryň taryhy atlaryny dikeltmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda “Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda” we “Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda” Mejlisiň Kararlaryna garaldy we olar kabul edildi. Kabul edilen resminamalara laýyklykda hem-de Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň ilatynyň isleglerini nazara alyp we hormatly Prezidentimiziň ilatly ýerleriň taryhy atlaryny dikeltmek hakyndaky başlangyçlaryndan ugur alnyp, birnäçe şäherlere we etraplara olaryň taryhy atlary dakyldy. Ahal welaýatynda Babadaýhan etraby döredildi. Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişigi bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garaldy.
Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan goldanyldy we kabul edildi. Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary bu wajyp hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzy durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de demokratik özgertmeleriň ýoly bilen öňe ilerletmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň mundan beýläk-de oňyn çözgüdini üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.