TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAN DAŞARY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

Şu gün, 11-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň nobatdan daşary mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýär. 

Mejlisde 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşylar hem-de öňümizdäki 30 ýyl  üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň iň möhüm wezipeler kesgitleniler.

Onuň barşynda 2022 – 2052-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.