TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KOREÝA RESPUBLIAKSYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şin Song-çol bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda diplomatlar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan Gutlag hatlaryny alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-koreý hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykaryldy hem-de bu günki günde gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gün tertibi mazmuna baýlygy bilen tapawutlanýar.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça ýokary derejede hem işjeň ösdürilýändigini belläp geçdiler.

Diplomatlar şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.