TÜRKMENISTAN BILEN KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TEGELEK STOL ÇÄRESI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 7-nji fewralynda Seul şäherinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirildi.

Maslahat Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan gurnaldy we bu çärä Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa Departamentiniň Direktorynyň orunbasary hanym Park Çansil, Merkezi Aziýa–Koreýa hyzmatdaşlyk forumynyň Sekreteriatynyň direktorynyň orunbasary Çang-sun Jee, Merkezi Aziýa–Koreýa Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Li Ok Rýon, şeýle hem bu ýurtda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Tegelek stoluň başynda oňa gatnaşyjylara türkmen-koreý hyzmatdaşlygyna, şeýle hem ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýan wideorolik görkezildi.

Dabara gatnaşyjylar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurduň oňyn bitaraplyk syýasaty esasynda ýola goýulan gatnaşyklary iki döwletiň halklarynyň bähbidi üçin geljekde ösdürmegiň giň mümkinçilikleri barada aýtdylar.

Çykyş edenler Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça işjeň derejede alnyp barylýan bilelikdäki hereketleriň oňyn ösüşini bellediler.