TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTIŇ KOREÝ DILINDÄKI KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 7-nji fewralynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaktorlary we žurnalistleri, şeýle-de göni wideoaragatnaşyk arkaly Koreýa Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Kuliýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sungçul Şin, “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory K.Rejepow, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary dabarada öz çykyşlaryny beýan etdiler.
Şeýle-de çärä göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Merkezi Aziýa - Koreýa» Hyzmatdaşlyk Forumynyň Sekretariatynyň direktory Li Çon Guk we «Merkezi Aziýa - Koreýa» Dostluk Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Li Ok Rýun dagylar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň bu eseriniň derwaýyslygy barada gürrüň etmek bilen, çykyş edenler kitapda beýan edilen taryhy, ahlak we durmuşy gymmatlyklaryň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň bu kitabynyň koreý halkyna Türkmenistan barada has köp öwrenmäge mümkinçilik berjekdigi hem-de dünýä ýurtlarynyň arasynda halk diplomatiýasynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigi barada nygtaldy.
Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ýubileý senesini – 30 ýyllygyny aýratyn bellemek bilen, çärä gatnaşyjylar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depgine eýedigini aýratyn nygtadylar. Çykyş edenler bu kitabyň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň taryhyna ýene bir goşant bolandygy barada bellediler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.